Samsung

Türkmenistanyň DIM-niň HGI-i bilermenleriň “Hytaý – Merkezi Aziýa” forumyna gatnaşdy

Türkmenistanyň DIM-niň HGI-i bilermenleriň “Hytaý – Merkezi Aziýa” forumyna gatnaşdy

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty “Hytaý + Merkezi Aziýanyň bäş ýurdy” atly seljeriş geçiriji merkezleriň ikinji forumynyň guramaçysy bolup çykyş etdi.

Bilermenleriň bilelikde ösüş gazanmagyň täze ýollaryny we görnüşlerini tapmaga bagyşlanylan duşuşygy 8-9-njy noýabrda Pekindäki merkezi meýdançasy bilen utgaşykly görnüşde geçýär.

HHR-niň daşary işler ministri Wan I guşuşyga gatnaşyjylara gutlagyny iberdi. Özbegistanyň DIM-niň baştutany Wladimir Norow hem-de Şanhaý hyzmatdaşlyk guramasynyň baş sekretary Çžan Min gutlag sözi bilen ýüzlendiler.

ИМО МИД Туркменистана принял участие в форуме экспертов «Китай – Центральная Азия»

Şeýle hem duşuşygyň ilkinji gününde sebitiň ýurtlarynyň HHR-däki ilçileri, şol sanda türkmen diplomatik wekilhanasynyň ýolbaşçysy Parahat Durdyýew çykyş etdiler, soňra alty ýurduň syýasy-diplomatik ugurly milli ylmy-barlag merkezleriniň ýolbaçylaryna söz berildi.

Bilermenler täze eýýamda Hytaýyň Merkezi Aziýa döwletleriniň her biri we umuman, sebit bilen gatnaşyklarynyň nähili boljakdygy hem-de neneňsi ösdürilmelidigi barada garaýyşlaryny giňişleýin we dürli ugurlar boýunça beýan etdiler.

Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň rektory Jumamyrat Gurbangeldiýew çykyşynda türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň baý tejribesini hem-de mümkinçiligi köp uly geljegini açyp görkezdi.

ИМО МИД Туркменистана принял участие в форуме экспертов «Китай – Центральная Азия»

Ol ägirt uly tebigy serişdelere, aýratyn-da, energetika serişdelerine eýe bolan sebit hökmünde häzir Merkezi Aziýanyň geosyýasy we geoykdysady artykmaçlyklary bilen halkara gatnaşyklary ulgamynda ähmiýetini artdyrýandygyny belledi.

Barha köpsanly döwletler MA ýurtlarynyň hyzmatdaşlygyň çäklerine goşulmagyna gyzyklanma bildirýärler. Soňky 20 ýylda syýasy adalgada “Merkezi Aziýa+” düşünjesi has giň ulanylyp başlandy.

Hytaý “Merkezi Aziýa+” görnüşe ilkinjileriň biri bolup gyzyklanma bildirdi. Soňky 30 ýylda Hytaý bilen MA ýurtlarynyň arasyndaky haryt dolanyşygynyň 100 esse köpelendigi şeýle gatnaşyklaryň üstünlige beslenýändigine şaýatlyk edýär. Täze maksat – 2030-njy ýyla çenli özara haryt dolanyşygyny ABŞ-nyň 70 milliard dollaryna çenli ýetirmek maksady goýuldy.

Çykyş eden Türkmenistanyň dünýäde iň iri ykdysadyýete eýe bolan Hytaý bilen hyzmatdaşlygy babatda üý sany esasy ugry: Beýik Ýüpek ýolunyň täzeden dikeldilmegi bilen baglylykda syýasy ulgamy, energetika we ulag pudaklaryny görkezdi.

ORIENT news