Donald Lu: Türkmenistan – durnuklylyk ýurdy

Ýekşenbe güni Aşgabatda metbugat üçin beren beýanatynda “Türkmenistan – Merkezi Aziýada durnuklylyk ýurdy” diýip, ABŞ-nyň döwlet sekretarynyň kömekçisi aýtdy.
Amerikan diplomaty sebitde howpsuzlygyň wehimleri baradaky sowala jogap berip, ömrüniň 10 ýylynyň Merkezi Aziýada işlemegi bilen (6 ýyl Gyrgyzystanda ilçi we 4 ýyl Waşingtonda MA meseleleri boýunça) bagly bolmagynda özüniň bu ýerde soňky wagtlardaky bilen deňeşdirilende, häzirki ýaly depginli döwri hiç haçan görmändigini belledi.
Lu iki ýyl mundan ozal Gyrgyzyztanda bolan syýasy özgerişligi, Gazagystandaky ýanwar wakalaryny, maý-iýun aýlarynda Dagly Badahşandaky dartgynlylygy, şu tomusda Garagalpagystanda bolup geçen wakalary... mysal hökmünde getirdi.
Şu ýagdaýlary göz öňünde tutanyňda Türkmenistan durnuklylygyň ýurdy bolup görünýär diýip, döwlet sekretarynyň kömekçisi aýtdy.
Onuň pikirine görä, hut garaşsyzlyk, özygtyýarlylyk we döwletleriň çäk taýdan bitewilik ýörelgeleri häzir sebit üçin bolşy ýaly, ählumumy derejede-de örän möhümdir.
Döwlet sekretarynyň kömekçisine berlen ýene-de bir sowal ABŞ-da biynjalyklanma döredip biljek Russiýanyň Merkezi Aziýada işjeňleşmeginiň artmagyna degişli boldy. Donald Lu bu ýagdaýy düşündirmek bilen, “Birleşen Ştatlary Merkezi Aziýanyň Russiýa bilen oňyn, netijeli gatnaşyklarynyň bolmagyny isleýär. Sebäbi bu sebitiň halklary bilen Russiýanyň arasynda uzak döwri öz içine alýan taryh bar” diýip aýtdy.
Şeýle-de bolsa ol MA ýurtlarynyň we RF-niň soňky ýyllardaky gatnaşyklaryny “örän gyzykly” diýip atlandyrdy.
Donald Lu Merkezi Aziýa ýurtlarynyň garaşsyzlygyny, özygtyýarlylygyny hem-de çäk taýdan bitewiligini goramak we goldamak babatda ABŞ-nyň eýerýän ýörelgesini mälim etmegi Aşgabada şu saparynyň hem-de bu ýerde geçiriljek duşuşyklarynyň dowamynda Türkmenistanyň hökümetine özüniň ýetirmeli esasy “habary” diýip hasaplaýar.
ORIENT news
Foto ORIENT