Samsung

Halk Maslahatynyň Başlygy – parlament diplomatiýasy we Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň umumy ýollary barada

Halk Maslahatynyň Başlygy – parlament diplomatiýasy we Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň umumy ýollary barada

Moskwa şäherine amala aşyrýan resmi saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow çarşenbe güni Federasiýa Geňeşiniň 532-nji mejlisinde çykyş etdi.

Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň salamyny gowşurdy. Türkmen Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy: "Ol ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmek we pugtalandyrmak baradaky üýtgewsiz ygrarlylyga ýokary baha berýär” – diýip belledi.

Gurbanguly Berdimuhamedowyň pikiriçe, umuman aýdylanda, parlament diplomatiýasy dünýäniň syýasy gün tertibine goşant goşmaga, oňyn itergi bermäge we halkara derejesinde ykrar edilen hukuk kadalarynyň, BMG-nyň Düzgünnnamasynyň (ustaw) kadalarynyň, esasy şertnamalaryň we konwensiýalaryň ýitmeginiň öňüni almaga gönükdirilendir.

Председатель Халк Маслахаты Милли Генгеша Туркменистана Гурбангулы Бердымухамедов, находящийся в Москве с официальным визитом, выступил на 532-м заседании Совета Федерации

Türkmen Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy: "Populizm, gysgamöhletli syýasy bähbitlere kowalaşmak hiç wagt döwlete-de, jemgyýete-de peýda getirmändi" – diýip belledi. Şunuň bilen birlikde, ol: "hakykatdan-da peýdaly halkara parlamentarizm we kanun çykaryjylyk tejribesinden çetleşmän, gaýtam, olaryň içinden durmuş tarapdan tassyklanan iň gowularyny almaly" - diýdi.

Halk Maslahatynyň başlygy Türkmenistan bilen Russiýanyň arasyndaky strategiki hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlarynyň arasynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyny belläp geçdi. Bu babatda ol ikitaraplaýyn haryt dolanyşygynyň ösüş dinamikasy, eksport-import amallarynyň möçberiniň artmagy, iri we uzakmöhletli ykdysady taslamalaryň durmuşa geçirilmegi barada aýtdy.

Bilelikdäki tagallalaryň esasy ugurlarynyň arasynda Gurbanguly Berdimuhamedow energiýa, ulag, ýokary tehnologiýa, senagat, söwda we oba hojalygy barada aýratyn durup geçdi. Ykdysadyýetiň beýleki pudaklarynda häzirki wagtda Türkmenistanda täze önümçilik kuwwatyny döretmek, infrastrukturany ösdürmek we dürli pudaklaryň innowasiýa ösüşi üçin köp işler edilýär.

Halk Maslahatynyň Başlygy: "Biz mydam Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasynda söwda-ykdysady gatnaşyklary pugtalandyrmagyň, bu gatnaşyklara täze hil bermegiň, düzümi maýa goýum, maliýe, tehnologiki komponentlerden durýan köpugurly ykdysady hyzmatdaşlygyň derejesine çykarmagyň tarapdary bolup çykyş etdik" – diýdi.

Председатель Халк Маслахаты Милли Генгеша Туркменистана Гурбангулы Бердымухамедов, находящийся в Москве с официальным визитом, выступил на 532-м заседании Совета Федерации

Gurbanguly Berdimuhamedowyň pikiriçe, bu meseleleriň çözülmegine iki ýurduň parlamentarlary goşant goşmaly. Bu häzirkizaman ykdysady gatnaşyklary kadalaşdyrýan täze kanunlaryň kabul edilmegi, milli kanunçylygyň ýerlikli we deňagramly sazlaşdyrylmagy, ikitaraplaýyn ykdysady şertnamalaryň tassyklanmagydyr.

Halk Maslahatynyň Başlygy iki ýurduň halklarynyň arasyndaky medeni we ynsanperwerlik gatnaşyklaryna ünsi çekip, olaryň çuňňur taryhyny, umumy siwilizasiýa köklerini, dünýägaraýyşlaryny, däp-dessurlaryny belläp geçdi: “Biz hyzmatdaşlygymyzyň mazmunyny medeniýet, sungat, ylym we bilim arkaly baýlaşdyrmagy başaryp bileris”.

Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanda rus halkynyň rus diline, edebiýatyna, medeni we ruhy gymmatlyklaryna ýokary hormat goýulýandygyny belledi: “Häzirki wagtda ýurtda rus dilinde okadýan onlarça mekdep we Aleksandr Sergeýewiç Puşkin adyndaky ýeke-täk türkmen-rus mekdebi bar, rus dili ýurduň ähli orta umumybilim we ýokary okuw mekdeplerinde okadylýar. Aşgabatdaky Rus drama teatrynyň taslamasynyň we gurluşygynyň üstünde işleýäris, türkmen-rus uniwersitetini döretmek bilen baglanyşykly meseleleri ara alyp maslahatlaşýarys."

Halk Maslahatynyň Başlygy orta möhletli toplumlaýyn meýilnamada beýan edip boljak medeni-ynsanperwer ugurlarda ýakyn parlamentara hyzmatdaşlygyň mümkinçiligine garamagy teklip etdi.

ORIENT news
Foto: council.gov.ru