Samsung

Aşgabatda geçiriljek hindi sarisi boýunça bäsleşik Hindistanyň gizlin dünýäsine atarar

Aşgabatda geçiriljek hindi sarisi boýunça bäsleşik Hindistanyň gizlin dünýäsine atarar

“Bu sarilerde we perdelerde, utanjaň gözleriň gizläp, sen dessine elýetmez hem ýüz esse gizlin bolduň” – meşhur hindi ýazyjysy we şahyry Rabindranat Tagoryň bu şygyr setirleri “Hindi sarisini geýinmek” atly owadan bäsleşigiň baş mazmuny bolup biler. Bäsleşige gatnaşmaga gyzlar çagyrylýar.

В загадочную атмосферу Индии «перенесет» конкурс индийского сари в Ашхабаде

Aşgabatda 12-nji noýabrda geçiriljek üýtgeşik we owadan bäsleşigi Hindistanyň Türkmenistandaky ilçihanasy yglan etdi. Baýramçylyk 18:00-da başlanar, onuň geçiriljek ýeri bolsa bäsleşige gatnaşyjylara arza doldurylandan soňra (elektron salgy: india.interpreter@gmail.com) goşmaça habar beriler. Guramaçylar orunlaryň çäklidigini hem-de lybas bilen baglanşykly owadan ýaryşa gatnaşmaga isleg birldirýänleriň anketany 8-nji noýabrda 18:00-dan gijä galman ibermelidiklerini belleýärler.

В загадочную атмосферу Индии «перенесет» конкурс индийского сари в Ашхабаде

Eýsem, sari näme we hindi aýal-gyzlarynyň “köýnekleri” hökmünde has meşhur bolan bu ajaýyp lybasy häzirki döwürde kim geýýär? Hindistanyň zenanlarynyň däp bolan bu lybasynyň meşhurlygy köpçülikleýin habar beriş serişdeleri, bolliwud we medeniýetiň beýleki ugurlary arkaly goldanylýar. Häzir ony geýmegiň 20-den gowrak görnüşleri bellidir.

В загадочную атмосферу Индии «перенесет» конкурс индийского сари в Ашхабаде

Sari – tikinsiz görnüşi bolup, sanskritden terjime edilende matanyň bir bölegini aňladýar, onuň uzynlygy 4,5 metrden 12 metre çenli bolup bilýär. Ýogsa-da, geýinilişi boýunça zenanyň haýsy synpa degişlidigini, onuň derejesini hem-de durmuş hal-ýagdaýynyň kesgitläp bolýar. Mysal üçin, gyzyl reňki sari – ol gelniň lybasy, sary reňklisi – ýakynda bäbejigi dünýä inen zenanyňky, ak reňkilisini dul zenanlar geýýärler. Mata we nagyşlarynyň köpgörnüşliligi derejeli zenanlary ýönekeý aýal-gyzlardan tapawutlandyrypdyr. Häzirki zaman hindi lybaslaryny bolsa hakyky sungat eserleri diýip atlandyryp bolar.

В загадочную атмосферу Индии «перенесет» конкурс индийского сари в Ашхабаде

Hindi gyzlary sari geýinmegi irki çagalyk döwründen başlap öwrenýärler. Adatça bu iş bir minutdan az wagty alýar. Bäsleşige gatnaşjaklaryň bu işe neneňsi hötde gelip biljekdigini Aşgabatda 12-nji noýabrda synlap bolar. Ýeňijilere baýraklar garaşýar.

ORIENT news