Iň täze habarlar

Gazagystan Türkmenistan bilen Hazarda deňiz döwlet serheti hakynda şertnamany tassyklady

03.11.2022 | 04:21 |
 Gazagystan Türkmenistan bilen Hazarda deňiz döwlet serheti hakynda şertnamany tassyklady

Çarşenbe güni Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew Hazar deňzinde türkmen-gazak döwlet serhediniň geçýän ugruny kesgitlemek we balyk tutulýan zolaklaryň ýanaşyk böleklerinde çäk çekmek hakynda Türkmenistan bilen şertnamany tassyklamak hakynda Kanuna gol çekdi. Ýurtlaryň arasyndaky ylalaşyga 2021-nji ýylyň oktýabr aýynda gol çekilipdi diýip, Gazagystanyň baştutanynyň metbugat gullugy habar berýär.

Resminama orta çyzyk ýörelgesi boýunça çäk çekilmegini düzgünleşdirýär – bu usula garşylyklaýyn ýa-da ýanaşyk kenarýakaly döwletleriň arasynda deňiz giňişligini kesgitlemek üçin häzirki zaman halkara deňiz babatdaky hukuklarda eýerilýär. Şertnamanyň tassyklanylmagy suw biologik we ýerasty baýlyklardan peýdalanmakda özygtyýarly hukuklaryň ulanylmagy üçin amatly şertleri döreder, şeýle hem taraplaryň arasynda hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny giňeltmäge mümkinçilik berer.

Mundan başga-da ylalaşyk günorta araçäklerde Gazagystanyň döwlet serhedini kesgitlemek işini tamamlar hem-de kenarýaka döwletleriň arasynda Hazar deňzinde döwlet serhetlerini hukuk taýdan berkidýän taryhda ilkinji resminama bolar – diýlip, metbugat gullugynyň habarynda aýdylýar.

ORIENT news
Akordanyň metbugat-gullugynyň fotosuraty

Şeýle hem okaň: