Türkmenistan we Russiýa parlamentara topar dörederler

Russiýa bilen Türkmenistan birek-biregiň bähbitlerini göz öňünde tutýarlar we syýasy işlerde durnuklylygy saklaýarlar. Bu barada Federasiýa Geňeşiniň başlygy Walentina Matwiýenko Moskwa sapar bilen baran Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen bolan duşuşykda aýtdy.
– Matwienko Gurbanguly Berdimuhamedowyň türkmen döwletiniň baştutany hökmünde we täze wezipesinde Russiýa bilen pugta gatnaşyklary ýola goýmak üçin köp tagallalary edendigini aýtdy – diýip, Russiýanyň «Вместе-РФ» teleýaýlymy habar berdi.
– Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň size Russiýa Federasiýasynyň “Watan öňündäki hyzmatlary üçin” ýokary ordeni bilen sylaglamak hakyndaky karary siziň bu gymmatly goşandyňyzyň ykrar edilmegidir. Wladimir Wladimirowiçiň belleýşi ýaly, Türkmenistanyň öňünde, şol bir wagtyň özünde Russiýa döwletiniň öňünde bitiren hyzmatlaryňyz üçin" – diýip, Federasiýa Geňeşiniň başlygy belledi.
Taraplar Federasiýa Geňeşi bilen Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň arasynda parlamentara topary döretmek barada şertnama taýýarladylar. Duşuşyga gatnaşyjylaryň pikiriçe, bu iki ýurduň hyzmatdaşlygyny, şol sanda ýurtlaryň sebit derejesinde hyzmatdaşlygyny berkitmäge ýardam berer.
ORIENT news