Abu-Dabide Aşgabat OGT-siniň dowamy bolan Adipec nebit-gaz forumy açyldy

Aşgabat nebit-gaz forumy OGT-2022-niň tamamlananyna heniz üç günem geçmänkä, Abu-Dabi global energodialogyň yzyny dowam etdirýär, ýagny 31-nji oktýabr, duşenbe güni bu ýerde ADIPEC halkara nebit sergisi we maslahaty açyldy. Bu pudakdaky köpsanly kompaniýanyň wekilleri Aşgabatda gozgalan möhüm pudak meselelerini ara alyp maslahatlaşmagy dowam etdirýärler.
Bu, ilkinji nobatda – maýa goýum bilen baglanyşykly meseleler. Halkara Energetika Forumynyň (IEF) maglumatlaryna görä, bazar deňagramlylygyny saklamak üçin uglewodorod serişdelerini gözlemek we çykarmak üçin maýa goýumlary 2030-njy ýyla çenli köpeldilip, çökgünlikden öňki 525 milliard amerikan dollary derejesinde saklanmalydyr. Muňa seretmezden, onuň möçberi geçen ýyl yzly-yzyna ikinji ýyl 341 milliard dollara düşdi.
BAE-de geçirilýän foruma global energiýa liderleriniň, syýasatçylaryň we pudak hünärmenleriniň 150,000-si gatnaşýar. Şu ýyl dünýäniň dürli künjeklerinden 40-dan gowrak ministriň gatnaşmagyna garaşylýar.
Sergide energetikada baha döredýän yzygiderlilik boýunça müňlerçe önümi, hyzmatlary we çözgütleri hödürleýän 28 ýurtdan bolan jemi 2200 kompaniýa we pawilion bar.
ADIPEC sergisine gatnaşýanlaryň arasynda Türkmenistanyň nebit-gaz toplumy bar. Türkmenistanyň ýangyç we energetika toplumyna gözegçilik edýän wise-premýer Şahym Abdrahmanow ADIPEC-iň strategiki we tehniki maslahatlaryna gatnaşar.
Ýokary derejeli spikerler geljekki energiýa zerurlyklaryny kanagatlandyrmakda wodorodyň roly, geosyýasy üýtgeşmeler netijesinde energetika pudagyndaky üýtgeşmeler, uglerodsyzlaşma, suwuklandyrylan tebigy gazyň bazary dinamikasy we beýleki meseleleri ara alyp maslahatlaşarlar.
Abu-Dabide geçirilýän halkara nebit sergisi we maslahaty 31-nji oktýabrdan 3-nji noýabr aralygynda dowam eder. OGT-niň we ADIPEC-iň BMG-nyň Müsürdäki Cop27 howa boýunça maslahatynyň öňüsyrasynda geçirilýänligi sebäpli, bu ýyl esasy üns dekarbonizasiýa we energiýanyň arassa görnüşlerine, innowasiýontehnologiýalara gönükdirilendir.
ORIENT news
Foto: Türkmen forum