Iň täze habarlar

Bossan concept täze ýyl arçalarynyň we baýramçylyga dahylly harytlaryň satuwyna başlady

01.11.2022 | 14:35 |
 Bossan concept täze ýyl arçalarynyň we baýramçylyga dahylly harytlaryň satuwyna başlady

Howly we balkon mebellerini özboluşly görnüşlerini satmaga ýöriteleşen Bossan concept kompaniýasy 24-nji oktýabrdan başlap Aşgabatda täze ýyl agaçlaryny, täze ýyl arçalarynyň oýnawaçlaryny we şol baýramçylyga dahylly bolan beýleki harytlarynyň dürli görnüşleriтш satuwa çykardy.

Satuwyň başlanmagynyň hormatyna Bossan concept dükanynda täze ýyl maskarad çäresi geçirildi, ol myhmanlary golaýlap gelýän baýramçylyk ruhuna besledi. Baýramçylyk agşamynyň dowamynda ýakymly aýdym-sazlar ýaňlandy, gyzykly bäsleşikler geçirildi, ýeňijilere ajaýyp sowgatlar gowşuryldy, bularyň barysy gatnaşyjylarda gaýtalanmajak täsirleri galdyrdy.

Täze ýyl baýramynyň ruhy bilen gurşalaryn diýseňiz, Bossan concept dükanynyň gapylary siziň üçin 31-nji dekabra çenli açyk bolar – bu ýerde her gün didjeý aýdym-saz joşgunyny döredip, ajaýyp baýramçylyk gurşawyny döreder.

Bu ýerde çagalar üçin ýörite zolak döredilendir, dükana gelen ene-atalar harytlaryň dürli görnüşleri bilen tanyşýançalar, çagalar onda dürli oýunlary oýnap we täze ýyla bagyşlanan multfilmlere tomaşa edip, wagtlaryny şadyýan geçirip bilerler.

Şeýle hem dükana gelýänler şarlara çeper suratlary çekdirmek hyzmatyndan peýdalanmak bilen, olary täze ýyl arzuwlary, gutlaglary we ş.m. bilen bezäp bilerler.

Şu ýyl Bossan concept dükanyna gelip gowşan bezeg oýnawaçlary Fransiýanyň, Italiýanyň, Belgiýanyň, Çehiýanyň, Hindistanyň, Hytaýyň we Taýlandyň brendleri tarapyndan öndürilendir we islendik öýde ajaýyp hem täsin gurşawy döredip biler. Harytlaryň köpüsi ýalpyldamak, «aýdym aýtmak» we hereket etmek bilen, jadylaýjy duýgulary emele getirýärler.

Bu ýerde hödürlenýän emeli gar bolsa tutuş maşgala üçin täze ýyl şatlygyny paýlar, ol tebigy gara şeýle bir meňzeş, hakykysyndan tapawudy ýok diýen ýaly. Ol täze tehnologiýanyň kömegi bilen döredilendir – oňa biraz suw goşaýmaly, şol ýeterlik, garyndy şol bada mymyjak howa üýşmegine öwrülýär. Arçanyň şunuň ýaly bezegi – Türkmenistanda diňe Bossan concept kompaniýasynda bar, ol täze ýyl baýramçylygynyň has ýatda galyjy bolmagyna ýardam eder.

Siz harytlaryň dürli görnüşleriniň içinden owadanlygy bilen biri-birinden tapawutlanýan, öýüňize ýaraşyk berjek ýaşyl, ýumşak we gar bilen örtülen täze ýyl arçalaryny tapyp bilersiňiz. Siz bu ýerde Çehiýada elde ýasalan täze ýyl bezeglerini, monjuklardan we daşlardan ýasalan hindi bezeglerini, Ýewropanyň erteki keşpleri görnüşindäki oýunjaklaryny hem sargyt edip bilersiňiz.

Bossan concept kompaniýasynyň işgärleri müşderileriň ähli sargytlaryny öýe baryp ýerine ýetirýärler hem-de öýüňizi täze ýyl äheňinde tiz we hysyrdysyz bezemäge kömek edýärler. Mundan başga-da, kompaniýa Türkmenistanda jaýy, howlyny ýa-da bag-bakjany bezemek boýunça köp sanly özboluşly görnüşleri hödürleýär.

Şeýlelik bilen, öýüň içerki interýerini üýtgedip, oňa üýtgeşik bir zat goşmagy halaýanlar bolsa fito-diwar üçin aýratyn sargyt edip bilerler – bu diwara janly ýa-da emeli ösümlikleri dykyz ýerleşdirip, örtmek bilen berjaý edilýär. Şol bir wagtyň özünde, Bossan floranyň Real touch emeli gülleri şeýle bir tebigy görnüşe eýe welin, hatda ony elläp duran ýagdaýyňda-da, olary hakyky güllerden tapawutlandyrmak örän kyn.

Bossan concept kompaniýasynyň mebel toplumlary bolsa ekologiýa taýdan arassa, berk we emeli rotang, tik, alýumin we ş.m. ýaly ideg etmesi aňsat materiallardan ýasalýar.

Bossan concept kompaniýasynyň harytlary bilen onuň Aşgabatdaky dükanlarynda ýa-da resmi saýtynda tanşyp bolýar bossan-concept.com, şeýle hem Instagram akkauntlarynda: @bossan.concept, @bossan_flora, @bossan_outdoor_tm.

Dükanlaryň salgylary:

– 15-nji tapgyr, Mollanepes köç., «Dürdäneli» söwda merkezi,
– «Aşgabat» söwda merkezi, 2-nji gat, dükan № А-2.01

Habarlaşmak üçin telefonlar: 72-60-60, 41-55-54.

ORIENT news

Şeýle hem okaň: