Türkmen alabaýyna bagyşlanan sergi: saýlanan eserler

Alabaý iti — türkmenleriň buýsanjy, baý taryhly türkmen halkynyň müňýyllyklara uzap gidýän wepaly ýoldaşy. Ýurdumyň iri orta aziýa goýun iti bütin dünýäniň tanymal hem ady belli itşynaslarynyň hemişe üns merkezinde bolup gelýändigi hemmelere mälimdir, olar şu tohumyndan bolan itleri öz «toplumyna» goşmagyň arzuwdadyrlar. Ýöne türkmen alabaý itleri döwlet tarapyndan milli gymmatlyk derejesine girizildi we olaryň ýurtdan çykarylmagy berk gözegçilikde saklanýar. Bu öz-özünden düşnükli zat: üýtgeşik beden gurluşy we adatdan daşary häsiýetnamalary alabaý üçin ajaýyplyk diýlen düşünjäniň aýratyn «şahasyny» döredipdi.
Hut şu «ajaýyplyk» hem itleriň alabaý tohumyna bagyşlanan sergini bütin durky bilen bezedi. Ol Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň Sergi zalynda geçdi. Şu mynasybetli ORIENT portaly üçin bu çäräniň guramaçylarynyň biri, nakgaşçy-suratkeş we fotosuratçy Ahmet Hallyýew biziň bilen söhbetdeş boldy:
Türmeniň alabaýy — bu itleriň gaty gadymy tohumydyr. Meniň pikirimçe, iň gadymylaryň biri. Akylly hem wepaly haýwan bolmak bilen, alabaýlar türkmen halkynyň taryhy ýolunda ähli ugurda wepadar dost hem ýoldaş bolupdyr: çopanlaryň kömekçisi, süriniň we öý-ojagyň goragçysy. Şu günki sergide goýlan eserler az bolmady. Köp suratlar bar, şol sanda fotosuratlar hem bar. Olardan 120-den gowragy fotosuratlar, 30-dan gowragy bolsa nakgaşlyk suratlar. Bu ajaýyp we hakykatdanam gaýtalanmajak türkmen alabaý itleriniň döwlet tarapyndan goralýandygy we bu ugruň ösdürilmegine uly üns berilýändigi gaty buýsandyrýar!
Paýtagtymyzyň sergi zalynda ajaýyp türkmen alabaý itlerini şekillendirýän suratlaryň iň naýbaşy ýygyndysynyň sergilenmegi meşhur türkmen suratçy-nakgaşlarynyň we fotosuratçylarynyň döredijiliginiň muşdaklarynyň ünsüni çekendigi bellenilmelidir.
ORIENT news
Surat Ahmet Hallyýewiňki