Serdar Berdimuhamedow türkmen ÝET-ni gazhimiýany ösdürmek ugruna gönükdirdi
29.10.2022 | 22:06 |Prezident Serdar Berdimuhamedow türkmen ÝET-niň ösdürilmegini gazhimiýa senagatynyň kuwwatlyklaryny, tebigy gazyň gaýtadan işlenilişinden alynýan ahyrky önümiň önümçiliginiň möçberlerini artdyrmakdan ugur almaga gönükdirdi.
Anna güni geçirilen hökümetiň mejlisnde ýurduň nebitgaz toplumynyň bäsdeşlige ukyplylygy infrastrukturanyň döwrebaplaşdyrylmagy, onuň tehnologik taýdan hemişe täzelenilip durmagy bilen baglanyşyklydyr diýip, döwlet baştutany belledi hem-de wise-premýer Şahym Abdrahmanowa bu ugurda tabşyryklary berdi diýip, türkmen döwlet teleradioýaýlymlarynyň täzelikleriniň agşamky goýberilişinde habar berildi.
ORIENT news