“Türkmengaz” Russiýanyň TMK we BAE-niň Auguste International kompaniýalary bilen şertnama baglaşdy

Penşenbe güni Aşgabatda açylan "Türkmenistanyň nebiti we gazy" atly halkara forumynyň çäklerinde hyzmatdaşlyk hakynda resminamalara gol çekildi.
Hususan-da, “Türkmengaz” Döwlet konserni Russiýanyň “Turba metallurgiýa kompaniýasyndan” (TMK) we BAE-niň “Auguste International Fze” kompaniýasyndan önüm satyn almak barada şertnamalara gol çekdi. Gol çekişlik rus hyzmatdaşlary bilen ýüzbe-ýüz ýagdaýda, arap hyzmatdaşlary bilen bolsa onlaýn ýagdaýda geçirildi.
ORIENT news