TDHÇMB-niň söwdalary: Serbiýa buýan köküniň gury ekstrakty iberiler

Çarşenbe güni, 26-njy oktýabrda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda Serbiýaly telekeçi buýan köküniň gury ekstraktyny satyn almak üçin geleşik baglaşdy diýip, ORIENT-iň habarçysy habar berýär.
Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan öndürilen önümiň her tonnasynyň bahasy $3,5 müň diýlip kesgitlenildi. Daşary ýurda jemi $735 müň bolan 210 tonna ekstrakt iberiler.
Söwdalara çykarylýan harytlar baradaky maglumatlar bilen Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň şu salgy boýunça saýtyndan tanşyp bolar.
Oba hojalygy, senagat we kommunikasiýa, şeýle hem söwda toplumyna degişli ugurlar boýunça söwdalar duşenbe gününden-anna güni aralygynda 16:00-da, şenbe güni 11:30-da başlanýar. Nebit-gaz ugry boýunça birža söwdalary duşenbe gününden-anna güni aralygynda 16:30-da, şenbe güni 12:00-da geçirilýär.
Şunuň bilen bir wagtda, saýtda tmex.gov.tm döredilen degişli hyzmatlar arkaly göniden-göni öndürijiler bilen habarlaşyp, birža harytlarynyň söwdasynyň dowamy bilen tanşyp bolar. Şeýle hem birža harytlaryny satmak baradaky bildirişleri ýerleşdirmek mümkinçiligi elýeterlidir.
ORIENT news