Samsung

TDHÇMB-niň söwdalary: tehniki kükürt we nah ýüplük geleşigiň esasy üns berilen ugur boldy

TDHÇMB-niň söwdalary: tehniki kükürt we nah ýüplük geleşigiň esasy üns berilen ugur boldy

Sişenbe güni, 25-nji oktýabrda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda umumy bahasy $1,1 million we 1,1 million manat bolan 4 geleşik baglaşyldy diýip, ORIENT-iň habarçysy habar berýär.

Türkiýä eksport etmäge Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň kärhanalarynda öndürilen nah ýüplügiň jemi 518 müň kg ýerlenildi. Geleşik boýunça harydyň umumy bahasy $1,1 million deň boldy.

Ýerli telekeçi söwdalarda 1,1 million manada granulirlenen tehniki kükürdiň 520 tonnasyny satyn aldy.

Söwdalara çykarylýan harytlar baradaky maglumatlar bilen Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň şu salgy boýunça saýtyndan tanşyp bolar.

Oba hojalygy, senagat we kommunikasiýa, şeýle hem söwda toplumyna degişli ugurlar boýunça söwdalar duşenbe gününden-anna güni aralygynda 16:00-da, şenbe güni 11:30-da başlanýar. Nebit-gaz ugry boýunça birža söwdalary duşenbe gününden-anna güni aralygynda 16:30-da, şenbe güni 12:00-da geçirilýär.

Şunuň bilen bir wagtda, saýtda tmex.gov.tm döredilen degişli hyzmatlar arkaly göniden-göni öndürijiler bilen habarlaşyp, birža harytlarynyň söwdasynyň dowamy bilen tanşyp bolar. Şeýle hem birža harytlaryny satmak baradaky bildirişleri ýerleşdirmek mümkinçiligi elýeterlidir.

ORIENT news