Samsung

Awstriýa hemişelik bitaraplygynyň 67 ýyllygyny belleýär

Awstriýa hemişelik bitaraplygynyň 67 ýyllygyny belleýär

Türkmenistan bilen Awstriýanyň arasynda näme umumylyk bar? Munuň özi, ilikinji nobatda, iki ýurduň hemişelik bitaraplyk derejesidir.

Bu iki ýurduň her biri bitaraplyk derejesine eýe bolmak üçin öz ýoluny geçdi. Şol bitaraplyk derejesi harby bileleşiklere we harby-syýasy jedellere gatnaşmakdan, parahatçylyk söýüjilikli syýasatyň hem-de oňyn hyzmatdaşlygyň esasynda öz howapsuzlygyny we milli bähbitlerini üpjün etmek maksady bilen, öz çäklerinde daşary ýurt harby toplumyny ýerleşdirmekden ýüz öwürmegi özünde jemleýär.

2022-nji ýylyň 26-njy oktýabrynda bitaraplyk derejesiniň 67 ýyllygyny belleýän Awstriýa üçin bu ýol ýeňil bolmady. Awstriýanyň bitaraplygy baradaky pikir Awstriýa-Wengriýa imperiýasynyň dargamagyna getiren birinji jahan urşundan soň döredi.

Австрия отмечает 67-ю годовщину своего постоянного нейтралитета

Germaniýada Gitler hökümet başyna gelenden soň, Awstriýanyň Sosial-demokratik partiýasynyň liderleri «Awstriýany bitaraplaşdyrmak arkaly halkara hukugynyň esasynda Awstriýany täze harby hile-pirimçilige goşmazlygyň has mümkin bolan kepilliklerini döretmegi» talap etdiler. Emma, 1938-nji ýylyň 13-nji martynda Gitler Awstriýany eýeledi we ol Germaniýanyň düzümine girizildi. Bu bolsa Awstriýanyň çäklerinde awstrofaşizmiň ýüze çykmagyna hem-de awstriýaly milletçileriň hökmürowanlygyny berkitmäge şertleri döretdi. Awstriýanyň ilatynyň bir bölegi hal-ýagdaýlaryň gowulanjakdygyna we ykdysadyýetiň ösmegine umyt edip, Germaniýanyň düzümine girmek pikirini goldadylar hem-de Ikinji jahan urşy döwründe awstriýalylar nemesler bilen birlikde, harby hereketlere gatnaşdylar.

Sowet Soýuzy 1945-nji ýylyň mart-maý aýlarynda Awstriýany azat edeninden soňra, gitlerçilige garşy birleşigiň dört döwletiniň howandarlygynda bolan Awstriýa urşa çenli boan döwürdäki serhetlerine çenli täzeden dikeldildi hem-de milletçilik ýok edilip, demokratiýa ornaşdyrylyp we ýaragsyzlandyrylyp başlandy. Bitaraplyk baradaky pikir hem ýurduň syýasy toparlarynyň arasynda ýene-de ýüze çykyp başlady.

1954-nji ýylyň fewral aýynda SSSR-iň, ABŞ-nyň, Beýik Britaniýanyň, Fransiýanyň we Awstriýanyň daşary işler ministrleriniň Berlinde geçen iş maslahatynda Awstriýanyň bitaraplygy barada ilkinj gezek resmi halkara derejesinde gürrüň edidi. Awstriýanyň daşary işler ministri Leopold Figl şonda ýurdunyň haýsydyr bir toparlanyşyklara hem-de harby birleşiklere girmäge ymtylmaýandygyny beýan edipdi.

Австрия отмечает 67-ю годовщину своего постоянного нейтралитета

Moskwada we Wenada geçirilen birnäçe ikitaraplaýyn diplomatik gatnaşyklaryň netijesinde, 1955-nji ýylyň 15-ni aprelinde Moskwa ähtnamasyna gol çekilip, şol resminama boýunça Awstriýa “Şweýsariýanyň eýerýän hemişelik bitaraplygy ýaly ýörelgä eýermäge” borçlandy.

Bir aýdan soň bolsa, Wenanyň Belweder köşgünde dört döwletiň hem-de Awstriýanyň daşary işler ministrleri tarapyndan garaşsyz we demokratik Awstriýa Respublikasyny täzeden emele getirmek hakynda Döwlet şertnamasyna gol çekildi.

Awstriýadan hemme basybalyjylyk goşunlar çykarylandan soň – 1955-nji ýylyň 26-njy oktýabrynda Milli geňeş (parlamentiň aşaky palatasy) bitaraplyk hakynda Federal konstitusion kanuny makullady. Şol resminamada Awstriýanyň geljekde hiç haçan hiç bir hili harby birleşiklere girmejekdigi hem-de öz çäklerinde daşary döwletleriň harby daýanç nokatlarynyň döredilmegine ýol bermejekdigi aýdylýar. Şeýdip, Awstriýanyň täze derejesi üçin halkara-hukuk esasy we kepillikleri döredildi.

Австрия отмечает 67-ю годовщину своего постоянного нейтралитета

Awstriýanyň bitaraplygy Şweýsariýanyň nusgasy esasynda oýlanyşylan hem bolsa, iş ýüzünde ol öz ösüşine eýe boldy. Bitaraplyk täze halkara şertlerine uýgunlaşyp, Awstriýa 1995-nji ýylda Ýewropa Bileleşigine agza bolmaga mümkinçilik berdi. Häzir ol ilatynyň ýokary ýaşaýyş-durmuş derejesi bolan, halkara reýtingleriň köpüsinde öňdäki ýokary orunlary eýeleýän ösen ýewropa döwletidir.

Türkmenistan özüniň oňyn bitaraplyk halkara-hukuk derejesine Awstriýanyň ýagdaýyndan kyrk ýyl geçenden soň, düýbünden başga taryhy şertlerde geldi.

Türkmen bitaraplygynyň kabul edilmegine uruşdan soňky döwürde esasy döwletleriň geosyýasy bähbitleri Awstriýa bildirilendäki ýaly, täsir etmedi. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygyny yglan etmek maksady sebitdäki goňşulary, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasy we Goşulyşmazlyk hereketi, soňra bolsa BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan goldaw tapdy hem-de şol wagt onuň düzüminde bolan hemme agza döwletleriň 185-siniň hem ses bermegi bilen 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda «Türkmenistanyň Hemişelik bitaraplygy hakynda» №50/80 belgili Kararnama kabul edildi.

2015-nji ýylda, eýýäm, dünýäniň 193 ýurdy tarapyndan Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygy hakynda ikinji gezek kabul edilen kararnama häzirki zaman dünýäde bitaraplygyň syýasy we ahlak taýdan gymmatlygyny tassyklady. Türkmenistanyň BMG-si tarapyndan ykrar edilen, dünýäde ýeke-täk oňyn bitaraplyk halkara-hukuk derejesi, bilermenleriň pikirine görä, hil taýdan täze mazmuna hem-de ýokary derejede hukuk taýdan kanunylyga eýedir.
Австрия отмечает 67-ю годовщину своего постоянного нейтралитета

Ýene-de iki aýdan, 12-nji dekabrda Türkmenistan bitaraplygynyň 27 ýyllygyny bellär. Bu sene hem dünýä senenamasyna girdi – 12-nji dekabrda BMG-niň çözgüdi boýunça Halkara bitaraplyk güni bellenilýär.

Türkmenistan we Awstriýa üçin bolsa iki ýurduň umumy bitaraplyk derejesi ikitaraplaýyn özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmegiň hem-de çuňlaşdyrmagyň berk binýadyna öwrüldi.

Dünýägaraýyşyň gadymy gymmatlyklaryna we halkyň sabyrlylyk, döwlet derejesindäki belentlige ýetirilen dost-doganlyk, hoşniýetli goňşuçylyk däplerine ygrarlylyk ýaly häsiýetlerine esaslanýan parasatly ruhy dessurlaryna daýanylmagy türkmen bitaraplygynyň özboluşlylygyny kesgitleýär. Ol bolsa halkara gatnaşyklary ulgamynyň öňden belli bolan bu strategiýasynyň taryhynda täze sahypany açdy.

Bu tapawutlara we iki ýurduň bitaraplyga eýe bolmak ugrunda geçen taryhy ýollarynyň özboluşlylygyna garamazdan, Türkmenistany hem-de Awstriýany parahatçylyga, birek-birege ynanyşmak we özara hormat goýmak gatnaşyklaryna ymtylyş, ählumumy howpsuzlygy hem-de durnukly ösüşi üpjün etmekde bitaraplygyň gymmatyna düşünilmegi birleşdirýär.

16-njy oktýabrda Türkmenistan we Awstriýa diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň şanly 30 ýyllyk senesini bellediler. Şu mynasybetli Awstriýa Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Wan der Belen Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa iberen gutlagynda köpýyllyk ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň netijelidigini aýdyp: ”Biziň ýurtlarymyz bitaraplyk ýörelgelerine eýermek bilen, halkara gatnaşyklarynyň, parahatçylygyň we ynanyşmagyň öňe ilerledilmegine işjeň ýardam berýärler“ diýip belledi.

Serdar Berdimuhamedow Awstriýanyň Prezidentine iberen jogap gutlagynda: “Biziň döwletlerimiziň arasyndaky birek-birege hormat goýmaga, deň-hukuklylyga, özara ynanyşmaga esaslanýan gatnaşyklar dürli ugurlar boýunça yzygiderli pugtalandyrylýar hem-de gi¬ňeldilýär. Ýurtlarymyz Birleşen Milletler Guramasynyň we beýleki halkara guramalaryň çäklerinde öňe sürülýän başlangyçlarda birek-birege goldaw berýärler” diýip ýazdy.

Hemişelik bitaraplyk syýasy, ykdysady, medeni, ylym, bilim we beýleki ulgamlarda dünýäniň ýurtlary bilen deňhukukly gatnaşyklaryň ýola goýulmagynda möhüm orun eýeleýär. Şunuň esasynda ählumumy parahatçylygy, durnukly ösüşi üpjün etmek we halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak boýunça belent maksatlar durýar.

Neda BERGER
Awstriýa-Türkmen Jemgyýetiniň prezidenti,
ORIENT-iň Awstriýadaky öz habarçysy