Iň täze habarlar

Aşgabatda howa boýunça ýaşlaryň maslahaty: döredijilikli pikirler, täzeçil çemeleşme

26.10.2022 | 16:42 |
 Aşgabatda howa boýunça ýaşlaryň maslahaty: döredijilikli pikirler, täzeçil çemeleşme

Aşgabatda howa boýunça ýaşlaryň ikinji maslahaty geçirilip, ol talyplary, ekoişjeňleri we meýletinçileri, akademiki we diplomatik jemgyýetçilikleriň wekillerini bir ýere ýygnady.

Молодежная конференция по климату в Ашхабаде

Forum utgaşykly görnüşde geçirilip, ýurduň dürli welaýatlaryndan ýaş liderleri jemlemek bilen birlikde, meşhur halkara bilermenleri-de: BMG-niň Baş sekratarynyň wekilinden başlap, howanyň üýtgemegi baradaky meseleler bilen meşgullanýan alymlara hem-de COP27 – BMG-niň Howanyň üýtgemegi boýunça Maslahatyna (ol 2022-nji ýylyň 6-18-nji noýabry aralygynda Müsüriň Şarm-el-Şeýh şäherinde geçiriler) başlyklyk edýän toparyň wekillerine çenli gatnaşmaga çekmäge mümkinçilik berdi.

Молодежная конференция по климату в Ашхабаде

Soňky wagtlarda ýaşlaryň pikirleri we garaýyşlary howa babatda gün tertibi boýunça herketleriň meýilnamasyny döretmekde barha uly orun eýeleýär. Häzirki maslahatda ýaş işjeňler ählumumy derejede howa babatda meseleleriň tsirlerini peseltmek boýunça täze teklipleri işläp düzmek üçin gyzykly hem-de batyrgaý pikirleri bilen paýlaşdylar.

Молодежная конференция по климату в Ашхабаде

Forumyň ahyrynda işiň netijeleri jemlenildi, ara alnyp maslahatlaşylan mesele babatda döredijilikli we täzeçil çemeleşmeler kesgitlenildi hem-de Türkmenistanda geçirilen Howanyň üýtgemegi baradaky 2-nji Ýaşlar maslahatynyň resmi beýanaty yglan edildi.

Молодежная конференция по климату в Ашхабаде

Молодежная конференция по климату в Ашхабаде

Sabrina GUSEÝNOWA

Şeýle hem okaň: