Samsung

Türkmenistan "Merkezi Aziýa - Koreýa Respublikasy" forumynda başlyklygy kabul edýär

Türkmenistan "Merkezi Aziýa - Koreýa Respublikasy" forumynda başlyklygy kabul edýär

Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow 25-nji oktýabr, sişenbe güni Pusan şäherinde geçirilen "Merkezi Aziýa - Koreýa Respublikasy" 15-nji Hyzmatdaşlyk forumyna gatnaşdy.

– Raşid Meredow forumda eden çykyşynda: "Şu gün esasy wezipe – ähliumumy uzakmöhletli parahatçylygy we durnuklylygy saklamakda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Koreýa Respublikasynyň raýdaşlygy" diýdi – diýlip, Türkmenistanyň DIM-niň saýtynda habar berilýär.

– Meredowyň pikiriçe, häzirki şertlerde "biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky syýasy we diplomatik gatnaşyklaryň, özara gyzyklanma bildirilýän meseleler boýunça yzygiderli we aç-açan pikir alyşmagy ýola goýmagyň ähmiýeti barha artýar" – diýip, DIM-niň metbugat gullugy ýazýar.

Meredow suwy süýjediji taslamalarda, telekommunikasiýa we älem giňişligi ýaly ýokary tehnologiýaly pudaklarda hyzmatdaşlygyň ägirt uly mümkinçiliklerine koreý tarapynyň ünsüni çekdi.

Duşuşygyň netijeleri boýunça Daşary işler ministrleriniň bilelikdäki Beýannamasy we “Merkezi Aziýa-Koreýa Respublikasy” Hyzmatdaşlyk forumynyň sekretariatynyň 2023-nji ýyl üçin iş meýilnamasy kabul edildi.

Forumyň çäginde Raşid Meredow Pusan şäheriniň häkimi Pak Heong-Jun bilen duşuşyp, onuň bilen Türkmenbaşy we Pusan deňiz portlarynyň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmegiň, port dolandyryş ulgamynda tejribe alyşmagyň we geljekde bu portlaryň arasynda doganlyk gatnaşyklaryny ýola goýmagyň mümkinçiligini ara alyp maslahatlaşdy.

Maglumat we sanly tehnologiýalar, ulag we aragatnaşyk, gämi gurluşygy, suw we tokaý hojalygy, binagärlik we şäher gurluşygy ýaly ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmek meselelerine garaldy.

Raşid Meredow günorta koreýaly kärdeşi Pak Jin bilen hem duşuşdy. Türkmenistanyň Daşary işler ministri Türkmenistanyň Forumyň başlyklygyny minnetdarlyk we ýokary jogapkärçilik duýgusy bilen öz üstüne alýandygyny we 2023-nji ýylda “Koreýa Respublikasy-Merkezi Aziýa” Forumynyň indiki, 16-njy mejlisini Aşgabatda geçirmäge taýynlyk görmäge girişýändigini aýtdy.

Taraplar Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň şu ýylyň noýabr aýynda Koreýa Respublikasyna resmi saparynyň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň taryhynda täze sahypa açjakdygyna ynam bildirdiler.

ORIENT news