Samsung

TDHÇMB-niň söwdalary: daşary we içerki bazarlarda nebit önümleri we halylar islegden peýdalandy

TDHÇMB-niň söwdalary: daşary we içerki bazarlarda nebit önümleri we halylar islegden peýdalandy

Duşenbe güni, 24-nji oktýabrda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda umumy bahasy $456 müň we 154,5 million manat bolan 32 geleşik baglaşyldy diýip, ORIENT-iň habarçysy habar berýär.

Owganystanyň wekili 1 müň tonna suwuklandyrylan gazy satyn aldy, önümiň bir tonnasynyň bahasy $456 bilen bahalandyryldy. Degişlilikde geleşigiň umumy bahasy $456 müň barabar boldy.

Içerki bazarda ýerli telekeçiler nebit önümleriniň dürli görnüşlerini, şol sanda 56 million manada 5 müň tonna jemleýji nebit koksyny, 28,2 million manada 2 müň tonna gyzdyrylan nebit koksyny, 1,8 million manada 70 tonna TPPZ 30 G görnüşli poliprepileni, 26,1 million manada 1 müň tonna TPP В 30 S görnüşli poliprepileni hem-de 42,3 million manada 3 müň tonna SN-350 görnüşli başlangyç ýagy satyn aldylar.

Şeýle hem türkmen işewürleri söwdalaryň dowamynda bahasy 40 müň manatdan gowrak bolan 17 inedördül metrden gowrak el halylaryny satyn aldylar.

Söwdalara çykarylýan harytlar baradaky maglumatlar bilen Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň şu salgy boýunça saýtyndan tanşyp bolar.

Oba hojalygy, senagat we kommunikasiýa, şeýle hem söwda toplumyna degişli ugurlar boýunça söwdalar duşenbe gününden-anna güni aralygynda 16:00-da, şenbe güni 11:30-da başlanýar. Nebit-gaz ugry boýunça birža söwdalary duşenbe gününden-anna güni aralygynda 16:30-da, şenbe güni 12:00-da geçirilýär.

Şunuň bilen bir wagtda, saýtda tmex.gov.tm döredilen degişli hyzmatlar arkaly göniden-göni öndürijiler bilen habarlaşyp, birža harytlarynyň söwdasynyň dowamy bilen tanşyp bolar. Şeýle hem birža harytlaryny satmak baradaky bildirişleri ýerleşdirmek mümkinçiligi elýeterlidir.

ORIENT news