Türkmenistanda dolandyryş-çäk gurluş üýtgediler

Şenbe güni Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklygynda ýurduň döwlet dolandyryş ulgamyny has-da kämilleşdirmek, dolandyryş-çäk birliklerine gaýtadan seretmek meselelerine bagyşlanan mejlis geçirildi.
Türkmen parlamentiniň iki palatasynyň agzalary, sebitleriň, pudaklaryň, syýasy partiýalaryň we jemgyýetçilik birleşikleriniň gatnaşmagynda geçirilen mejlisde 6 etraby (Gubadag, Gurbansoltan eje, Farap, Döwletli, Serhetabat we Oguzhan), 5 sany etrap hukukly şäheri (Tejen, Gumdag, Hazar, Serdar, Köneürgenç), 1 sany şäherdäki etraby (Kenar), 2 şäherçäni (Bagabat we Garagel), 36 sany geňeşligi ýatyrmak, 36 obany dolandyryş-çäk birlikleriniň sanawyndan aýyrmak boýunça teklipler öňe sürüldi.
36 oba ýakyn ilatly nokatlar bilen birleşdiriler, 6 oba şäherçe derejesi berler, 5 oba döredildi, sebitlerde ýörite ýer gaznasyndan ýaşaýyş jaý gurluşygy üçin bölünip berlen mülk ýerlerinde täze dörän ilatly nokatlaryň 5-isi oba derejesini alar.
Şeýlelik bilen, Türkmenistan boýunça jemi 37 etraby, etrap hukugy bolan 6 şäheri, 5 şäher etrabyny, etraplardaky 42 şäheri, 68 şäherçäni, 469 geňeşligi we 1690 obany galdyrmak kararyna gelindi.
2 etrabyň, 3 şäheriň, 4 şäherçäniň, 3 geňeşligiň we 21 obanyň atlaryny üýtgetmek teklipleri edildi.
Mysal üçin, Serdar etrabyna we şäherine taryhy Gyzylarbat adyny gaýdyp bermek teklip edildi.
Mejlisiň dowamynda Gurbanguly Berdimuhamedow welaýat dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarynyň ilatyň durmuşyny gowulandyrmak baradaky işini “ýeterlik däl” diýip atlandyrdy we olaryň hersine anyk bellikleri etdi.
Şol sanda ol ýerli dolandyryş edaralarynyň işgärlerini tankytlady we "her bir häkimligiň işgär sanynyň ep-esli bardygyny we olaryň hemmesiniň başlyk bolmak isleýändigini" aýtdy.
“Netijede, özüniň halal zähmeti bilen hasyl ýetişdirýän her bir daýhana we her bir önüm öndürijä birnäçe başlykdan düşýär. Şeýlelik bilen, iş ýüzünde zähmetkeşden ýolbaşçynyň sany köp. Köplenç halatlarda, bu adamlar, gözegçilikde saklaýan ýaly bolup, kömek etmekden has köp päsgelçilik döredýärler" – diýip, Halk Maslahatynyň Başlygy aýtdy.
“Hakyky ýer eýesine ne görkezme, ne-de gözegçilik gerek. Ol öz ýerini we öz girdejisini bilýär" – diýip Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady we sebitlerde administratiw reformalary geçirmegi we başlyklaryň sanyny azaltmagy talap etdi.
ORIENT news