Samsung

Gazagystanyň raýatlary GR-da geçiriljek prezident saýlawlarynda Aşgabatda ses berip bilerler

Gazagystanyň raýatlary GR-da geçiriljek prezident saýlawlarynda Aşgabatda ses berip bilerler

Gazagystan Respublikasynda nobatdan daşary prezident saýlawlary bir aýdan az wagtdan - 20-nji noýabrda geçiriler. Gazagystanyň daşary ýurtlardaky edaralarynyň ýanyndaky daşary döwletleriň 53-de saýlaw uçastoklarynyň 68-si döredildi diýip, GR-niň DIM-i habar berdi.

“Gazagystan Respublikasynyň işjeň saýlamak hukugyna eýe bolan, hususy, gulluk, okuw, işewürlik we syýahatçylyk maksatlary boýunça degişli daşary döwletlerde ýaşaýan ýa-da bolýan hem-de GR-niň raýatynyň hakyky pasportyna eýe bolan raýatlary ses bermäge gatnaşmak üçin Gazagystanyň diplomatik ýa-da konsullyk wekilhanasynyň ýanynda döredilen saýlaw uçastogyna ýüzlenip bilerler” – diýlip habarda aýdylýar.

Gazagystanda ýurduň prezidentligine dalaşgärleri bellige almak tamamlandy. MST dalaşgärleriň jemi altysyny – Jemgyýetçilik birleşmesinden Kasym-Žomart Tokaýewi, “Auyl” partiýasyndan Žiguli Daýrabaýewi, Umumymilli sosial-demokratik partiýasyndan Nurlan Auesbaýewi, Gazagystanyň “Amanat” kärdeşler arkalaşygyndan Meýram Kažykeni, şeýle hem iki sany zenany: hünär derejeli durmuş ulgamynyň işgärleriniň milli birleşmesinden Karakat Abdeni hem-de «Қазақ аналары – дәстүрге жол» jemgyýetçilik birleşiginden Saltanat Tursynbekowy bellige aldy.

Gazagystanyň Türkmenistandaky ilçihanasynda ses bermeklik saýlaw güni (ýekşenbede) ýerli wagt bilen sagat 07:00-dan 20:00-a çenli geçiriler.

Daşary ýurtlarda ses berilişige öz wagtynda we doly taýýarlyk görmek üçin gazagystanlylardan saýlaw uçastogy bilen öňünden habarlaşmagy hem-de saýlawçylaryň sanawyna goşmak üçin maglumatlary bermegi haýyş edilýär.

Gazagystan Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy

744036, Aşgabat, Garaşsyzlyk şaýoly, 11, 13, 15
tel.: (+99312) 48-04-68, 48-04-69
e-mail: ashgabat@mfa.kz

ORIENT news
Foto: 365info.kz