Samsung

Serdar Berdimuhamedow we Gurbanguly Berdimuhamedow Si Szinpini täzeden saýlanmagy bilen gutladylar

Serdar Berdimuhamedow we Gurbanguly Berdimuhamedow Si Szinpini täzeden saýlanmagy bilen gutladylar

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow we Halk Maslahatynyň – türkmen parlamentiniň ýokary palatasynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaý Respublikasynyň Başlygy Si Szinpine Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi komitetiniň baş sekretary wezipesine onuň täzeden saýlanmagy mynasybetli gutlaglaryny iberdiler.

Gutlag hatlary ýekşenbe güni HHR-niň ilçisi Sýan Naýçene Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçylary bilen bolan duşuşykda gowşuryldy diýlip, ýurduň daşary syýasat edarasy öz saýtynda habar berýär.

ORIENT news