Serdar Berdimuhamedow: sebitdäki ähli meseleler hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerinde çözülmelidir

Sebitdäki ähli meseleler parahatçylykly serişdeler, hoşniýetli goňşuçylyk, özara hormat goýmak we deňhukuklylyk ýörelgelerinde çözülmelidir diýip, Türkmenistanyň Prezidenti anna güni Aşgabatda Özbegistanyň Baştutany bilen geçirilen gepleşikleriň netijeleri boýunça metbugat beýanatynda aýtdy.
“Sebitiň özygtyýarly döwletleriniň içerki işlerine goşulmagy, ekstremistik, radikal elementleri ulanmak arkaly, syýasy ýagdaýy durnuksyzlaşdyrmaga synanyşyklary ýol berilmesiz hasaplaýarys” diýip, Serdar Berdimuhamedow aýtdy.
Milli täzelikler gullugynyň agşamky ýaýlymynda habar berilişine görä, türkmen Lideri brifingde Türkmenistanyň hem-de Özbegistanyň ählumumy gün tertibiniň dünýäde parahatçylygy we durnuklylygy gorap saklamak, halkara terrorçylygyň, ekstremizmiň wehimlerine garşy durmak, Owganystandaky ýagdaýy kadalaşdyrmak ýaly esasy meseleler boýunça garaýyşlarynyň meň¬zeşdigini ýa-da ýakyndygyny nygtady.
Taraplar Owganystanyň halkara ykdysady gatnaşyklara doly derejede goşulyşmagynyň, ilkinji nobatda, iri energetika, ulag-kommunikasiýa taslamalaryna gatnaşmagy arkaly ýakynlaşmagynyň zerurdygyny tassykladylar. Şunuň bilen baglylykda, Serdar Berdimuhamedow iýul aýynda Daşkent şäherinde geçirilen “Owganystan: howpsuzlyk we ykdysady ösüş” atly halkara maslahatyna ýokary baha berdi.
Türkmen Lideriniň sözlerine görä, gepleşiklerde Aral meselesi, şol sanda Araly halas etmegiň Halkara gaznasynyň çäklerinde öňde duran wezipeler özara gatnaşyklaryň esasy meseleleriniň biri boldy.
Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk türkmen-özbek gatnaşyklarynyö möhüm ugrudyr. Şu babatda iki ýurt hem işewür gatnaşyklary gi¬ňeltmegi hem-de bilelikdäki täze taslamalary amala aşyrmagy maksat edinýärler.
ORIENT news