Samsung

TDHÇMB-niň söwdalary: TS-1 görnüşli uçar kerosini islegden peýdalanyldy

TDHÇMB-niň söwdalary: TS-1 görnüşli uçar kerosini islegden peýdalanyldy

Penşenbe güni, 20-nji oktýabrda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda umumy bahasy $2,5 million bolan 3 geleşik baglaşyldy diýip, ORIENT-iň habarçysy habar berýär.

Birleşen Arap Emirlikleriniň hem-de Owganystanyň işewür toparlary TS-1 görnüşli uçar kerosininiň jemi 2,6 müň tonnadan gowragyny satyn aldylar.

Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen önümiň bir tonnasynyň bahasy $971 diýlip kesgitlenildi. Haryt boýunça geleşikleriň umumy bahasy bolsa $2,5 milliondan gowrak boldy.

Söwdalara çykarylýan harytlar baradaky maglumatlar bilen Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň şu salgy boýunça saýtyndan tanşyp bolar.

Oba hojalygy, senagat we kommunikasiýa, şeýle hem söwda toplumyna degişli ugurlar boýunça söwdalar duşenbe gününden-anna güni aralygynda 16:00-da, şenbe güni 11:30-da başlanýar. Nebit-gaz ugry boýunça birža söwdalary duşenbe gününden-anna güni aralygynda 16:30-da, şenbe güni 12:00-da geçirilýär.

Şunuň bilen bir wagtda, saýtda tmex.gov.tm döredilen degişli hyzmatlar arkaly göniden-göni öndürijiler bilen habarlaşyp, birža harytlarynyň söwdasynyň dowamy bilen tanşyp bolar. Şeýle hem birža harytlaryny satmak baradaky bildirişleri ýerleşdirmek mümkinçiligi elýeterlidir.

ORIENT news