Türkmenistan we Özbegistan strategik hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak hakynda Jarnama kabul etdi

Prezidentler Serdar Berdimuhamedow we Şawkat Mirziýoýew strategik hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak hakynda Jarnama gol çekdiler.
Şeýle hem, gepleşikleriň netijeleri boýunça iki ýurduň hökümetleriniň we pudaklaýyn edaralarynyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi.
Olaryň arasynda Syýasy gepleşikleri, parlamentara, söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy, medeni-gumanitar alyş-çalyşlary işjeňleşdirmek boýunça 2022-2024-nji ýyllar üçin amaly hereketler meýilnamasy; Ikitaraplaýyn daşary ykdysady gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek barada şertnama; Özbegistan Respublikasynyň we Türkmenistanyň çäklerindäki söwda öýleriniň işini kadalaşdyrmak baradaky şertnama; Ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk hakynda şertnama; Derman serişdelrini we lukmançylyk önümlerini hasaba almak baradaky şertnama ýaly, derwaýys resminamalar bar.
Mundan başga-da, Oba hojalygyndaky hyzmatdaşlygy has-da giňeltmek boýunça amaly çäreler meýilnamasy, weterinariýa we maldarçylyk pudagyndaky hyzmatdaşlyk şertnamasy kabul edildi.
Täze şertnamalaryň birnäçesi hyzmatdaşlygyň elektroenergetika, gümrük işi, kinematografiýa we ş.m. ugurlaryny öz içine alýar.
ORIENT news
Foto: president.uz