Samsung

Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamynyň ýolbaşçylar düzüminde işgärler wezipä bellenildi

Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamynyň ýolbaşçylar düzüminde işgärler wezipä bellenildi

Prezident Serdar Berdimuhamedow karary bilen Myrat Mämmedowy saglygy goraýyş we derman senagaty ministriniň bejeriş-öňüni alyş kömegini guramak boýunça orunbasary wezipesine belläp, ony saglygy goraýyş we derman senagaty ministriniň orunbasary — Döwlet arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň başlygy wezipesinden boşatdy.

Döwlet Baştutany saglygy goraýyş we derman senagaty ministriniň orunbasary — Döwlet arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň başlygy wezipesine ozal bu ministrligiň Arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň Jemgyýetçilik saglygy we iýmiti merkeziniň başlygy bolup işlän Azat Öwezowy belledi.

ORIENT news