Serdar Berdimuhamedow we Şawkat Mirziýoýew dar formatda gepleşik geçirdiler
21.10.2022 | 22:02 |Özbegistanyň döwlet baştutanyny resmi garşy almak dabarasy “Oguzhan” köşkler toplumynda geçirildi, şondan soňra prezidentler Serdar Berdimuhamedow we Şawkat Mirziýoýew dar formatda gepleşik geçirdiler.
Soňky ýyllarda amaly hyzmatdaşlygyň ähli ugurlarynda öňegidişligiň gazanylandygy bellenildi. Özbegistan Respublikasynyň lideriniň resmi internet saýtynda habar berlişi ýaly, ýokary derejede gazanylan şertnamalar "ýol kartasy" esasynda üstünlikli durmuşa geçirilýär.
Şeýle hem, prezidentler Merkezi Aziýada hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak meselelerini öz içine alýan halkara we sebitleýin gün tertibi boýunça meseleler babatda pikir alyşdylar.
ORIENT news
Foto: president.uz