Türkmenistanda ozalky ministrligiň binýadynda täze sport edarasy döredildi

Indi Türkmenistanda Sport we ýaşlar syýasaty baradaky meseleler bilen aýratyn edaralar meşgullanarlar. Prezident Serdar Berdimuhamedowyň permany esasynda ýatyrylan Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň binýadynda Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komiteti döredildi.
Resminama penşenbe güni türkmen hökümetiniň mejlisinde gol çekildi.
Wise-premýer Nurmuhammet Amannepesowyň hasabatynda resminamanyň taslamasy hödürlenilip, bu baradaky çözgüt Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VII gurultaýynda öňde goýlan wezipelere laýyklykda esaslandyryldy.
“Döwlet ýaşlar syýasaty hakynda” Türkmenistanyň rejelenen kanunynyň 10-njy maddasyna laýyklykda, Bilim ministrligi bu ulgamy düzgünleşdirmek boýunça ygtyýarly edara bolup durýar.
ORIENT news