TDHÇMB-niň söwdalary: gidro usulda arassalanan dizel ýangyjy eksporta ýerlenildi

Çarşenbe güni, 19-njy oktýabrda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda Owganystanyň wekili gidro usulda arassalanan dizel ýangyjyny satyn aldy diýip, ORIENT-iň habarçysy habar berýär.
Baglaşylan şertnama boýunça $3,2 milliona jemi 3,1 tonna ýangyç eksporta iberiler. Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen önümiň bir tonnasynyň bahasy $1 057 diýlip kesgitlenildi.
Söwdalara çykarylýan harytlar baradaky maglumatlar bilen Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň şu salgy boýunça saýtyndan tanşyp bolar.
Oba hojalygy, senagat we kommunikasiýa, şeýle hem söwda toplumyna degişli ugurlar boýunça söwdalar duşenbe gününden-anna güni aralygynda 16:00-da, şenbe güni 11:30-da başlanýar. Nebit-gaz ugry boýunça birža söwdalary duşenbe gününden-anna güni aralygynda 16:30-da, şenbe güni 12:00-da geçirilýär.
Şunuň bilen bir wagtda, saýtda tmex.gov.tm döredilen degişli hyzmatlar arkaly göniden-göni öndürijiler bilen habarlaşyp, birža harytlarynyň söwdasynyň dowamy bilen tanşyp bolar. Şeýle hem birža harytlaryny satmak baradaky bildirişleri ýerleşdirmek mümkinçiligi elýeterlidir.
ORIENT news