Özbegistanyň Prezidenti Aşgabada sapar bilen geldi

Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew penşenbe güni agşam resmi sapar bilen Aşgabat şäherine geldi.
Türkmen paýtagtynyň halkara howa menzilinde hormatly myhmany wise-premýer Batyr Atdaýew we beýleki resmi adamlar garşyladylar.
Saparyň esasy çäreleri ertire – 21-nji oktýabrda meýilleşdirilýär. Meýilnama laýyklykda, 21-nji oktýabr, anna güni gün tertibine ikitaraplaýyn we sebitleýin derejedäki möhüm meseleler girizilen ýokary derejede türkmen-özbek gepleşikleri geçiriler.
Prezidentler Serdar Berdimuhamedow we Şawkat Mirziýoýew ykdysady integrasiýanyň täze şertlerinde döwletara gatnaşyklary çuňlaşdyrmagyň ýollaryny ara alyp maslahatlaşarlar, özara söwda dolanyşygyny giňeltmegiň usullary, senagat, energetika we himiýa senagaty, oba hojalygy, ulag we logistika ugurlary boýunça ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk babatda pikir alyşarlar.
Hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary boýunça ondan gowrak resminama gol çekilmegine garaşylýar.
Şeýle hem, Aşgabatda “Daşkent” seýilgähiniň açylmagy we “Horezm-Daşoguz” Serhetýaka söwda merkeziniň gurluşygyna bilelikde badalga berilmegi meýilleşdirilýär.
Hyzmatdaşlygyň bu ugurdaky häzirki derejesi oňyn dinamika bilen häsiýetlendirilýär: awtoulag, elektrotehnika, dokma we derman senagaty, azyk senagaty we oba hojalygy ýaly pudaklarda özara hyzmatdaşlyk giňelýär, himiýa pudagyndaky hyzmatdaşlyk strategik derejä çykdy.
Özbek-türkmen serhetýaka söwda zolagy döredilýär, ýurtlarymyzyň paýtagtlarynda söwda öýlerini açmak barada degişli kararlar kabul edildi. Söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy we senagat hyzmatdaşlygyny ösdürmek üçin ortamöhletli maksatnama işlenip düzüldi, geljegi uly taslamalary öňe sürmek maksady bilen Bilelikdäki taslama ofisini döretmek kararyna gelindi.
Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň Dolandyryş apparatynyň ýanyndaky Ykdysady barlag we reformalar merkezi Özbegistan bilen Türkmenistanyň arasyndaky daşary söwda dolanyşygynyň görkezijilerini, şol sanda 2021-nji ýylda we 2022-nji ýylyň ýanwar-awgust aýlarynda önüm kategoriýalary boýunça eksport we import möçberini görkezýän maglumatnama taýýarlady.
ORIENT news