TDHÇMB-niň söwdalary: uçar kerosini, dizel ýangyjy we STG islegden peýdalanyldy

Sişenbe güni, 18-nji oktýabrda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda umumy bahasy $48,4 million bolan 11 geleşik baglaşyldy diýip, ORIENT-iň habarçysy habar berýär.
Wirgin adalarynyň, Özbegistanyň we Owganystanyň wekilleri bir tonnasynyň bahasy $1 051 deň bolan TS-1 awiasiýa kerosininiň jemi 19 müň tonnasyny satyn aldylar. Geleşikleriň umumy bahasy $19,9 million barabar boldy.
BAE-niň, Türkiýäniň we Owganystanyň işewürleri söwdalaryň dowamynda $28,2 million deň bolan gidrousulda arassalanan dizel ýangyjynyň 26,9 müň tonnasyny satyn aldylar. Önümiň bir tonnasynyň bahasy $1 050,25 möçberinde kesgitlendi.
Owganystanyň wekili suwuklandyrylan tebigy gazyň her tonnasyna $438 teklip edip, $219 müň deň bolan 500 tonna STG satyn almaga geleşik baglaşdy.
Söwdalara çykarylýan harytlar baradaky maglumatlar bilen Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň şu salgy boýunça saýtyndan tanşyp bolar.
Oba hojalygy, senagat we kommunikasiýa, şeýle hem söwda toplumyna degişli ugurlar boýunça söwdalar duşenbe gününden-anna güni aralygynda 16:00-da, şenbe güni 11:30-da başlanýar. Nebit-gaz ugry boýunça birža söwdalary duşenbe gününden-anna güni aralygynda 16:30-da, şenbe güni 12:00-da geçirilýär.
Şunuň bilen bir wagtda, saýtda tmex.gov.tm döredilen degişli hyzmatlar arkaly göniden-göni öndürijiler bilen habarlaşyp, birža harytlarynyň söwdasynyň dowamy bilen tanşyp bolar. Şeýle hem birža harytlaryny satmak baradaky bildirişleri ýerleşdirmek mümkinçiligi elýeterlidir.
ORIENT news