TDHÇMB-niň söwdalary: 80 müň kilogramdan gowrak nah ýüplük eksporta ýerlenildi

Duşenbe güni, 17-nji oktýabrda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda nah ýüplükleri eksport etmek üçin geleşik baglaşyldy diýip, ORIENT-iň habarçysy habar berýär.
Arap Emirlikleriniň wekili Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň kärhanasynda öndürilen nah ýüplükleriň jemi 88 müň kg satyn aldy. Milli pulda baglaşylan geleşigiň umumy bahasy 2,8 million manada deň boldy.
Söwdalara çykarylýan harytlar baradaky maglumatlar bilen Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň şu salgy boýunça saýtyndan tanşyp bolar.
Oba hojalygy, senagat we kommunikasiýa, şeýle hem söwda toplumyna degişli ugurlar boýunça söwdalar duşenbe gününden-anna güni aralygynda 16:00-da, şenbe güni 11:30-da başlanýar. Nebit-gaz ugry boýunça birža söwdalary duşenbe gününden-anna güni aralygynda 16:30-da, şenbe güni 12:00-da geçirilýär.
Şunuň bilen bir wagtda, saýtda tmex.gov.tm döredilen degişli hyzmatlar arkaly göniden-göni öndürijiler bilen habarlaşyp, birža harytlarynyň söwdasynyň dowamy bilen tanşyp bolar. Şeýle hem birža harytlaryny satmak baradaky bildirişleri ýerleşdirmek mümkinçiligi elýeterlidir.
ORIENT news