Türkmen we Katar gatnaşyklary giňeltmegi maksat edinýärler

Dohada geçirilen duşuşykda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda türkmen-katar gatnaşyklarynyň giňeldilmegi araa alnyp maslahatlaşyldy. Türkmen wekiliýetine daşary işler ministriniň orunbasary Berdinyýaz Mätiýew ýolbaşçylyk etdi, ol Kataryň daşary işler boýunça döwlet ministri Sultan bin Saad Al-Muraiki bilen duşuşdy.
Diplomatlar döwletara hyzmatdaşlygyny öňe ilerletmekde ýokary derejelerdäki saparlaryň ähmiýetini nygtadylar. Şeýle hem olar maýa goýum hem-de ulag pudaklarynda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň ýollaryna garadalyar, özara hereketleriň şertnamalaýyn-hukuk binýadyny ösdürmegiň wajypdygyny bellediler diýlip, duşenbe güni Türkmenistanyň DIM-niň saýtynda habar berilýär.
16-17-nji oktýabrda geçirilen saparyň çäklerinde Kataryň Energetika ministrliginiň ýolbaşçylary bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar iki ýurduň arasynda energetika pudagyndaky aragatnaşyklary ösdürmek boýunça pikir alyşdylar.
Türkmen wekiliýetiniň ýene-de bir duşuşygy Kataryň Ösüş bankynyň ýolbaşçylary bilen geçirildi. Şonda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlary, maliýe-bank ulgamyndaky gatnaşyklar ara alnyp maslahatlaşyldy.
Ozal Prezident Serdar Berdimuhamedowyň taýýarlanylýan sapary barada habar berildi. Ýokary derejedäki ikitaraplaýyn gepleşikleri guramak baradaky meselelere bir hepdeden gowrak ozal, 8-nji oktýabrda Türkmenistanyň DIM-däki duşuşykda garaldy.
ORIENT news
Foto: mofa.gov.qa