Samsung

Türkmen-özbek serhetýaka söwda zolagyny döretmek taslamasy öňe ilerledilýär

Türkmen-özbek serhetýaka söwda zolagyny döretmek taslamasy öňe ilerledilýär

Ýekşenbe güni Türkmenistanyň hökümetiniň giňişleýin mejlisinde türkmen-özbek serhetýaka söwda zolagyny – bilelikdäki söwda merkezini döretmek baradaky taslamany öňe ilerletmek wise-premýer Batyr Atdaýewiň hasabatynyň esasy meselesi boldy.

Wise-premýer bu zolagyň ýerleşjek ýeri hem-de eýelejek meýdany baradaky teklibi Prezident Serdar Berdimuhamedowyň garamagyna hödürledi. Şol ýerde lomaý we bölek söwda üçin hemme şertler dörediler.

Soňky 5 ýylda Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasynda haryt dolanyşygy 5 esseden artdy hem-de 2021-nji ýylyň netijeleri boýunça 902 mln. dollardan geçdi. Şunda Özbegistandan Türkmenistana harytlaryň importy we hyzmatlar ýarym esseden gowrak artdy, türkmen harytlarynyň goňşy ýurda eksporty we hyzmatlary bolsa 1,3 esse ýokarlandy.

2022-nji ýylda iki ýurduň arasyndaky haryt dolanyşygynyň ýokarlanmagy dowam edýär, bu bolsa özara söwdanyň görkezijisini 1 mlrd. dollara ýetirmek barada öňde goýlam maksada ýetmäge ýakynlaşdyrýar.

2022-nji ýylyň 13-nji iýulynda Buharada geçirilen sebitleriň forumynyň barşynda taraplar “Lebap-Buhara” we “Daşoguz-Horezm” serhetýaka söwda zolagyny işe girizilmegi ugrundaky işleri güýçlendirmegi ylalaşdylar.

Seljerijileriň pikirine görä, Daşkent we Aşgabat syýasy-ykdysady taýdan işjeň gatnaşyklaryň saklanylmagynda hem-de has-da ösdürilmeginde sebitleýin hyzmatdaşlygy öňe ilerlediş häsiýetine eýe bolup bilerler. Şunda geljek hepde özbek Lideriniň Türkmenistana boljak sapary bilen täze sahypa açylar.

ORIENT news
Foto: gazeta.uz