Samsung

Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň Türkmenistana sapary 20-21-nji oktýabr aralygynda bolar

Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň Türkmenistana sapary 20-21-nji oktýabr aralygynda bolar

Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň Türkmenistana resmi sapary 20-21-nji oktýabr aralygynda bolar. Sapara görülýän taýýarlyk barada Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa wise-premýer, Daşary işler ministri Raşid Meredow hasabat berdi.

Saparyň maksatnamasy, şeýle hem Aşgabatda geçiriljek türkmen-özbek gepleşikleriniň netijeleri boýunça gol çekilmegi meýilleşdirilýän ikitaraplaýyn resminamalar bukjasy özbek tarapy bilen bilelikde işlenip taýýarlanylýar.

Ozal Şawkat Mirziýoýewiň Türkmenistana amala aşyrjak saparynyň dowamynda Özbegistanyň paýtagtynda “Aşgabat” seýilgähiniň açylmagyna jogap hökmünde türkmen paýtagtynda “Daşkent” seýilgähiniň açyljakdygy barada habar berilipdi.

Serdar Berdimuhamedowyň Özbegistana döwlet baştutany hökmünde ilkinji sapary 2022-nji ýylyň 14-15-nji iýuly aralygynda amala aşyryldy. Saparyň çäklerinde Daşkentde hökümet we pudaklaýyn derejelerde bilelikdäki resminamalaryň uly bukjasyna, şeýle hem kompaniýalaryň arasynda eksport-import şertnamalaryna gol çekildi.

ORIENT news
Foto: tdh.gov.tm