TDHÇMB-niň söwdalary: BAE-niň wekili nah ýüplük satyn aldy

Anna güni, 15-nji oktýabrda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda Birleşen Arap Emirlikleriniň wekili nah ýüplük satyn aldy diýip, ORIENT-iň habarçysy habar berýär.
BAE-ne jemi 220 müň kg. dürli görnüşli nah ýüplükler iberiler. Geleşik milli pulda baglaşylyp, onuň umumy bahasy 7,1 mln. manada deň boldy.
Söwdalara çykarylýan harytlar baradaky maglumatlar bilen Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň şu salgy boýunça saýtyndan tanşyp bolar.
Oba hojalygy, senagat we kommunikasiýa, şeýle hem söwda toplumyna degişli ugurlar boýunça söwdalar duşenbe gününden-anna güni aralygynda 16:00-da, şenbe güni 11:30-da başlanýar. Nebit-gaz ugry boýunça birža söwdalary duşenbe gününden-anna güni aralygynda 16:30-da, şenbe güni 12:00-da geçirilýär.
Şunuň bilen bir wagtda, saýtda tmex.gov.tm döredilen degişli hyzmatlar arkaly göniden-göni öndürijiler bilen habarlaşyp, birža harytlarynyň söwdasynyň dowamy bilen tanşyp bolar. Şeýle hem birža harytlaryny satmak baradaky bildirişleri ýerleşdirmek mümkinçiligi elýeterlidir.
ORIENT news