Samsung

Gazagystan bilen Türkmenistanyň arasyndaky söwdanyň möçberi iki esse ösüşini saklaýar

Gazagystan bilen Türkmenistanyň arasyndaky söwdanyň möçberi iki esse ösüşini saklaýar

Akordada Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen geçirilen giňişleýin gepleşiklerden soň, Türkmenistan bilen özara söwdanyň möçberiniň iki esse artandygy barada aýtdy.

“Biz şu gün gazagystan-türkmen gatnaşyklarynyň strategik häsiýetini ýene-de bir gezek tassykladyk hem-de doganlyk halklarymyzyň has-da ýakynlaşmagyna özara ymtylýandygymyzy beýan etdik. Dostluk we özara bähbitlilik ýagdaýynda köptaraplaýyn hyzmatdaşlygymyzyň ileri tutlýan ugurlaryny kesgitledik” diýip, Kasym-Žomart Tokaýew aýtdy – diýip, “Kazinform” HHA-nyň habar berýär.

GR-nyň baştutanynyň sözlerine görä, söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyna aýratyn üns berildi.

“Bilelikdäki çärelerimiz netijesinde, geçen ýylyň netijeleri boýunça biziň ikitaraplaýyn haryt dolanyşygymyz iki esse köpelip, 250 mln. dollardan geçdi. Şu ýyl hem oňyn depgin saklandy. 7 aýda özara söwdanyň iki esse artmagy üpjün edildi” diýip, döwlet baştutany sözüniň üstüni ýetirdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Gazagystana ilkinji döwlet saparyny amala aşyrýar. Saparyň çäklerinde Prezident Kasym-Žomart Tokaýew bilen gysga we giňişleýin düzümlerde gepleşikler geçirildi. Türkmen Lideriniň Astana sapary dowam edýär.

ORIENT news