Türkmenistan we Gazagystan özara söwdanyň möçberini $1 mlrd.-a ýetirip biler – Tokaýew

Akordada ýokary derejede giňişleýin türkmen-gazak gepleşikleri başlanyldy. GR-nyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa mübärekleme sözi bilen ýüzlendi diýip, “Kazinform” HHA-nyň habarçysy habar berýär.
“Siziň saparyňyz taryhy ähmiýete eýedir. Ýaňy biz hyzmatdaşlygymyzy ösdürmegiň has möhüm meselelerini ýapyk görnüşde ara alyp maslahatlaşdyk. Size gün tertibindäki meselelere oňyn garaýşyňyz üçin minnetdarlyk bildirýärin. Men ýurtlarymyzyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň geljegi babatda Siziň çemeleşmeleriňize hem-de aýdan sözleriňize oňyn baha berýän sözlerimi beýan etdim” diýip, Tokaýew aýtdy.
Ol Gazagystan bilen Türkmenistanyň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklarynyň uly mümkinçiliginiň bardygyny nygtady.
“Söwda-ykdysady gatnaşyklar barada aýdylanda, bileleikdäki tagallalarymyz arkaly onuň möçberlerini biziň häzirki wagt artdyryp biljekdigimiz dogrusynda gürrüň etdik” diýip, GR-nyň baştutany belledi hem-de Türkmenistanyň bazaryna ýetirip biljek harytlarynyň sanawynyň taýýarlanylandygyny aýdyp, sözüniň üstüni ýetirdi. .
Tokaýewiň pikirine görä, iki ýurduň arasynda haryt dolanyşygy ep-esli artdyrylyp bilner. “Biz özara söwdanyň möçberini 1 mlrd. dollara ýetirmäge ymtylyp bilerdik” diýip, Gazagystanyň Prezidenti aýtdy.
ORIENT news
Foto: akorda.kz