Samsung

Ispaniýanyň “Atresmedia” holdingi Türkmenistan bilen bilelikdäki teletaslamalara gyzyklanma bildirdi

Ispaniýanyň “Atresmedia” holdingi Türkmenistan bilen bilelikdäki teletaslamalara gyzyklanma bildirdi

Ispaniýanyň “Atresmedia” mediaholdingi Türkmenistan barada bilelikdäki teletaslamalara gyzyklanma bildirdi. Bu teklibe jogap edip, ýurduň Daşary işler ministrligi Türkmenistanyň telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň ýolbaşçylarynyň wekilleriniň Atresmediýa toparynyň “Enviado Especial” (“Ýörite wekil”) dokumental programmasynyň müdirligi bilen onlaýn duşuşygyny gurady.

Испанский холдинг Atresmedia заинтересовался совместными телепроектами с Туркменистаном

Anna güni geçirilen duşuşykda Ispaniýanyň telewideniýe işgärleri we olaryň türkmen kärdeşleri Türkmenistanyň çäginde dürli sýužetleri surata düşürmek we halkara wakalar barada reportažlary guramak mümkinçiligine garadylar. Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugynyň ORIENT-e beren habaryna görä, gepleşikleri iş tertibinde dowam etdirmek baradaky ylalaşyk duşuşygyň netijesi boldy.

Испанский холдинг Atresmedia заинтересовался совместными телепроектами с Туркменистаном

“Atresmedia” – telewideniýe, radio, internet, kino, üçünji tarap üçin önümçilik we hünär okuwy ýaly işleýän ähli pudaklarynda esasy orunlary eýeleýän Ispaniýanyň öňdebaryjy metbugat toparydyr. Antena 3 we La Sexta onuň meşhur markalary bolan teleýaýlymlardyr. Iň soňky hasabatlara görä, Ispaniýanyň aragatnaşyk toparlarynyň arasynda Atresmedia iň ýokary orny eýeleýär. Onuň tomaşaçylarynyň sany 19,5 milliondan gowrakdyr.

Испанский холдинг Atresmedia заинтересовался совместными телепроектами с Туркменистаном

“Enviado Especial” programmasy “La Sexta” teleýaýlymynda ýaýlyma goýberilýär. Häzirki wagtda bu mediýa topary “La Sexta”-da, soňra bolsa “ATRESplayer” we akym platformasy arkaly 25 ýurtda görkeziljek dünýä ýurtlary barada täze dokumental seriýaly hödürleýär.

Испанский холдинг Atresmedia заинтересовался совместными телепроектами с Туркменистаном

“Atresmedia” geljekde Ispaniýanyň köpçüligine we halkara tomaşaçylar toparyna gadymy Beýik Ýüpek ýolynyň merkezinde ýerleşen Türkmenistanyň söwda-ykdysady mümkinçiliklerini, ägirt uly energiýa çeşmelerini we baý medeni mirasyny açyp görkezmek üçin, serialyň bir sanyny geljekde Türkmenistana bagyşlamak üçin türkmen tarapy bilen hyzmatdaşlyga gyzyklanma bildirýär.

ORIENT news