Türkmenistan Russiýa Federasiýasynyň, Hytaýyň we beýleki ýurtlaryň Owganystan boýunça tagallalaryny goldaýar

Prezident Serdar Berdimuhamedow anna güni Astanada geçirilen “Merkezi Aziýa-Russiýa” sammitinde eden çykyşynda Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasynyň, Hytaýyň we beýleki ýurtlaryň Owganystandaky ýagdaýy kadalaşdyrmak boýunça edýän tagallalaryny goldaýandygyny aýtdy. Bu barada RIA Nowosti habar berýär.
“Owganystandaky ýagdaý halkara gün tertibinde – aýratyn tema. Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Russiýanyň Owganystanda durnuklylyk gazanylmagyna deň derejede gyzyklanma bildirýändiklerine ynanýaryn " – diýip, türkmen lideri aýtdy.
Onuň sözlerine görä, parahat, durnukly ösüşi bolan Owganystan serhetleriň we sebitdäki döwletleriň raýatlarynyň howpsuzlygynyň kepilliklerinden biridir.
Prezident: "Şu nukdaýnazardan Türkmenistan Owganystandaky ýagdaýy syýasy taýdan çözmegiň halkara mehanizmlerini, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň, Russiýanyň, Eýranyň, Hytaýyň, BMG-nyň Owganystandaky wekilhanalarynyň tagallalaryny makullaýar we goldaýar" - diýdi.
Onuň pikiriçe, iň möhüm mesele – Owganystanyň halkara we sebit ykdysady gatnaşyklaryna goşulyşmagydyr. Bu meselede Berdimuhamedow soňky ýyllarda Türkmenistanyň owgan tarapynyň gatnaşmagy bilen birnäçe möhüm infrastruktura taslamalaryna başlandygyny aýtdy.
"Olaryň içinde: Türkmenistan-Owganystan-Päkistan-Hindistan gaz geçirijisi, Türkmenistan-Owganystan-Päkistan ýokary woltly elektrik geçiriji liniýasy, Türkmenistan-Owganystan-Pakistan optiki-süýüm aragatnaşyk liniýasy, Türkmenistandan Owganystana uzaýan demir ýollar" – diýip, türkmen lideri belläp geçdi.
Şeýle taslamalary durmuşa geçirmek arkaly, Owganystanyň ykdysady we durmuş ösüşinde strategik mümkinçiliklere eýe bolýandygyny we yklymda baglaýjy halka hökmünde geografiki artykmaçlyklaryny durmuşa geçirip biljekdigini aýtdy.
ORIENT news