Merkezi Aziýa ýurtlary we Russiýa agzalalygyň öjükdirilmegine ýol bermezligi ylalaşdylar

Russiýanyň we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Prezidentleri milli, taryhy, medeni, dil ýa-da dini esaslarda agzalalygyň öjükdirilmegine ýol bermezlik boýunça çäreleri görmegi ylalaşdylar.
“Döwrüň umumyadamzat gymmatlyklaryna hem-de jemgyýetiň agzybirligine howp salýan wehimleriniň artmagyna biynjalyklygymyzy beýan edýäris. Milli, taryhy, medeni, dil ýa-da dini esaslarda agzalalygyň öjükdirilmegine ýol bermezlik boýunça hemme zerur çäreleri göreris” diýlip, ilkinji “Russiýa – Merkezi Aziýa” sammitiniň netijeleri boýunça döwlet Baştutanlarynyň beýannamasynda aýdylýar diýip, RIA Nowosti habar berýär.
Çykyşynyň dowamynda Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew sebitleýin howpsuzlygy güýçlendirmek boýunça çäreleri işläp düzmegi teklip etdi.
“Biziň ýurtlarymyza bile bolmagy ykbalyň özi öňünden kesgitläpdir. Biz umumy taryhymyzy gorap saklamalydyrys we halklarymyzyň abadançylygynyň bähbidine agzybir geljegi gurmalydyrys. Biziň döwletlerimiziň her birindäki durnuklylyk we howpsuzlyk tutuş sebitiň ösüşine göniden-göni täsir edýär” diýip, Tokaýew aýtdy.
Şunuň bilen baglylykda, ýurtlaryň howpsuzlyk geňeşleriniň dolandyryş edaralaryna öňüni alyş çäreleriň gurallaryny işläp taýýarlamak hem-de döretmek boýunça anyk teklipleri girizmegi tabşyrmak teklip edildi. Şu işde maglumatlary alyşmaga we howplaryň öz wagtynda ýüze çykarylmagyna esasy üns berilmelidir.
Ol “baş maksadyň biziň dostlugymyzyň, hoşniýetli goňşuçylygymyzyň we strategik hyzmatdaşlygymyzyň mizemezliginde jemlenilmelidigini” belledi.
“Häzirki zamanda maglumat giňişliginde ýaramaz ýagdaýlary öňünden duýdurmak boýunça özara gatnaşyklaryň ähmiýeti artýar. Sanly tehnologiýalaryň, sosial torlaryň we messenjerleriň güýçli ösýän şertlerinde seresapsyzlyk bilen aýdylan islendik söz, aýratyn-da ýaşlaryň arasynda, ýigrenjiň we milletara agzalalygyň güýçlenmegine getirip biler. Netijede bolsa, jemgyýetde agzybirligi we ylalaşygy berkitmek boýunça köp ýyllaryň dowamynda edilen tagallalar ýele sowurlar. Dawalary we pitneleri döretmek synanyşyklaryň öňüni almak üçin biziň degişli edaralarymyzyň hem-de jemgyýetçilik guramalarymyzyň has ýygjam hyzmatdaşlygy ýola goýmagy we düşündiriş işlerini işjeň alyp barmagy zerur” diýip, Akordanyň saýty Tokaýewiň çykyşyny getirýär.
ORIENT news
Foto: akorda.kz