TDHÇMB-niň söwdalary: 11 müň tonnadan gowrak ECO-93 görnüşli awtoulag benzini eksporta ýerlenildi

Çarşenbe güni, 12-nji oktýabrda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda umumy bahasy $12,4 million bolan 16 geleşik baglaşyldy diýip, ORIENT-iň habarçysy habar berýär.
Özbegistanyň we Owganystanyň işewür toparlary Ahaldaky tebigy gazdan benzin öndürýän zawoddan ECO-93 görnüşli awtoulag benzininiň jemi 15,5 müň tonnasyny satyn aldylar.
Harydyň ilkibaşky indirimine baglylykda bahasy $725,75 we $850,75 barabar boldy. Ekologiýa taýdan arassa ýangyç boýunça ähli geleşikleriň umumy bahasy $12 499 125 deň boldy.
Söwdalara çykarylýan harytlar baradaky maglumatlar bilen Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň şu salgy boýunça saýtyndan tanşyp bolar.
Oba hojalygy, senagat we kommunikasiýa, şeýle hem söwda toplumyna degişli ugurlar boýunça söwdalar duşenbe gününden-anna güni aralygynda 16:00-da, şenbe güni 11:30-da başlanýar. Nebit-gaz ugry boýunça birža söwdalary duşenbe gününden-anna güni aralygynda 16:30-da, şenbe güni 12:00-da geçirilýär.
Şunuň bilen bir wagtda, saýtda tmex.gov.tm döredilen degişli hyzmatlar arkaly göniden-göni öndürijiler bilen habarlaşyp, birža harytlarynyň söwdasynyň dowamy bilen tanşyp bolar. Şeýle hem birža harytlaryny satmak baradaky bildirişleri ýerleşdirmek mümkinçiligi elýeterlidir.
ORIENT news