Karl III täç geýdirme dabarasy 6-njy maýda geçiriler

Beýik Britaniýanyň şasy Karl III täç geýdirme dabarasy 2023-nji ýylyň 6-njy maýynda bolar. Dabaraly çäre onuň ejesi Ýelizaweta II aradan çykan wagtyndan sekiz aý töweregi soň geçiriler. Sişenbe güni Bukingem köşgüniň metbugat gullugynyň habarynda: – “Monarha täç geýdirme dabarasy Westminster abbatlygynda, däp bolşy ýaly, arhiýepiskop Kenterberiýskiý tarapyndan geçiriler. Karl III bilen birlikde şa zenany-konsort Kamilla hem täç geýdiriler” – diýilýär.
Metbugat gullugynyň habarynda: – "Täç geýdiriliş dabarasy monarhiýanyň şu günki ornuny we geljege bolan garaýşy görkezer, şonuň bilen birlikde, öňden dowam edip gelýän däp-dessurlara esaslanar" – diýilýär.
Dabaranyň aýratynlyklary biraz soň mälim ediler. Karl III täç geýdiriliş çäresi düzgün boýunça geçiriler, ýöne monarhyň islegi boýunça çendenaşa gabaraly bolmaz.
Iňlis tagtynyň mirasdüşeri ondan öňki monarh aradan çykan pursatynda şa bolýar, ýöne täç geýdiriliş birnäçe aý soň, matam gutaranda geçirilýär. Ýurdy rekord derejede 70 ýyl 7 aý dolandyran Ýelizaweta II 8-nji sentýabrda Şotlandiýanyň Balmoral galasynda aradan çykandygyny ýatladýarys. Ol 96 ýaşyndady. 10-njy sentýabrda Tagt miras geňeşi onuň ogly Çarlzy Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Şalygynyň täze monarhy – Karl III diýip yglan etdi (Çarlz iňlis ady Karl adyna gabat gelýär). Karl III täç geýdirme dabarasynda 74 ýaşynda bolar.
Gözbaşyny 1308-nji ýyldan alyp gaýdýan däp-dessurlara görä, täç geýdirilende, iňlis monarhy korol Eduardyň tagtynda oturýar. Täç geýdirme dabarasynyň ahyrynda monarh kasam edip, keramatly Eduard Ispowednigiň Londonyň Tower diňinde saklanýan agramy 2,2 kg deň bolan täjini geýýär. Şa täji gymmatbahaly daşlaryň 400-den gowragy bilen bezelendir.
ORIENT news