Samsung

Wenanyň Diplomatik akademiýasynda hyzmatdaşlyk hakynda türkmen-awstriýa dialogy geçirildi

Wenanyň Diplomatik akademiýasynda hyzmatdaşlyk hakynda türkmen-awstriýa dialogy geçirildi

Wenanyň Diplomatik akademiýasynda Awstriýanyň Türkmenistan bilen diplomatik gatnaşyklarynyň 30 ýyllygy bellenildi – sişenbe güni bu ýerde 1992-nji ýylyň 16-njy oktýabrynda ýurtlaryň bilelikdäki beýannama gol çekmegine iri şanly senäniň dolmagyna bagyşlanan tegelek stol guraldy.

Çäre Türkmenistanyň Awstriýa Respublikasyndaky ilçihanasy tarapyndan guraldy, oňa Ýewropa we daşary işler ministrliginiň, Awstriýanyň ykdysadyýetiniň Federal palatasynyň ýolbaşçylary, Awstriýa-Türkmen Jemgyýetiniň müdirýetiniň agzalary, Wenada işleýän daşary döwletleriň diplomatik wekilhanalarynyň baştutanlary, metbugat wekilleri gatnaşdylar.

В Дипломатической академии Вены прошел туркмено-австрийский диалог о сотрудничестве

Türkmenistanyň Awstriýadaky ilçisi Hemra Amannazarow, Türkmenistanyň Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň rektory Esen Aýdogdyýew (ol hem ozal Awstriýada ilçi bolup işlän), Aswtriýanyň sanly we ykdysady işler boýunça Federal ministrliginiň daşary ykdysady aragatnaşyklar toparynyň ýolbaşçysy we ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça awstriýa-türkmen bilelikdäki toparynyň awstriýa tarapyndan başlygy Frans Wessig, meşhur awstriýaly syýasatçy Rihard Şens we beýlekiler iki ýurduň özara gatnaşyklarynyň geljegi baradaky garaýyşlary bilen paýlaşdylar.

В Дипломатической академии Вены прошел туркмено-австрийский диалог о сотрудничестве

Çykyş edenler syýasatda bolşy ýaly, söwda-ykdysady ulgamda, ynsanperwer-medeni gatnaşyklar boýunça hem türkmen-awstriýa hyzmatdaşlygynyň dürli ugurlaryna degip geçdiler.

Hususan-da, Esen Aýdogdyýew HYYweÖU-y bilen Awstriýanyň Kremsiň amaly ylymlar uniwersitetiniň arasynda olaryň 10-njy oktýabrda gol çeken ähtnamasynyň ähmiýetini belledi, şol resminama möheti tamamlanan 2017-nji ýylyň ähtnamasynyň dowamy bolup durýar.

В Дипломатической академии Вены прошел туркмено-австрийский диалог о сотрудничестве

Täze resminama türkmen talyplarynyň Awstriýada hünär okuwyny kämilleşdirmegi guramak arkaly akademiki we ylmy ulgamlarda özara gatnaşyklary giňeltmäge, okuwlary ýewropa ölçeglerine laýyklykda ygtyýarlylandyrmaga hem-de iki diplom maksatnamasyny döretmäge mümkinçilikler açýar.

Diplomatiýanyň köp ugurlary bar. Wenada tegelek stoluň başynda geçirilen söhbetdeşlikde ykdysady we medeni diplomatiýa aýratyn bellenildi.

В Дипломатической академии Вены прошел туркмено-австрийский диалог о сотрудничестве

Birinji ugurda söwda-ykdysady meseleler boýunça bilelikdäki hökümetara toparynyň işi, ikitaraplaýyn işewürlik forumlaryň ähmiýeti nygtaldy. 28-nji noýabrdan 3-nji dekabr aralygynda Awstriýanyň ykdysadyýetiniň Federal palatasy Awstriýanyň meşhur firmalarynyň wekilleriniň düzüminde Aşgabada we Mara ykdysady topary ibermegi meýilleşdirýär.

Medeni diplomatiýa Türkmenistan bilen Awstriýanyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklarda esasy orunlaryň birini eýeleýär. Bu gatnaşyklara şu ýyl 14 ýyl dolan Awstriýa-Türkmen Jemgyýeti öz goşandyny goşýar.

Bu ýere ýygananlara ORIENT-iň saýty görkezildi. Bu saýt bilen Awstriýa-Türkmen Jemgyýeti 2019-njy ýylda maglumatlary alyşmak babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda ähtnama gol çekdi. Ýakynda Wena şäheriniň gubernatory we meri Mihael Lýudwig bilen guralan interwýu şeýle hyzmatdaşlygyň mysaly hökmünde görkezildi.

В Дипломатической академии Вены прошел туркмено-австрийский диалог о сотрудничестве

Tegelek sotluň başyndaky söhbetdeşlikde türkmen bitaraplygynyň özboluşlylygyna hem-de Awstriýanyň bitaraplyk derejesine aýratyn üns berildi. Bu ýagdaýlar hoşniýetli goňşuçylyk we özara hormat goýmak ýörelgelerine eýerýän hem-de şol ýörelgeleri durnukly ösüşiň, rowaçlygyň we howpsuzlygyň aýrylmaz şerti hasaplaýan iki döwletiň parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatynda beýanyny tapýar.

Türkmenistan bilen Awstriýanyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklarynyň ösüşiniň, Wenada ýerleşen halkara guramalaryň çäklerinde olaryň hyzmatdaşlygynyň geljegine garaldy.

Duşuşyk Awstriýanyň diplomatik we ykdysady toparlarynyň baý serişdeleri hem-de Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda Ýewraziýa yklymynyň hut merkezinde özbolyşly täsin mirasy bolan ýokary depginler bilen ösýän ýurt hökmünde Türkmenistanaa bolan uly gyzyklanmalaryny ýene-de bir gezek tassyklady.

Neda BERGER,
Awstriýa-Türkmen jemgyýetiniň Prezidenti,
ORIENT-iň Awstriýadaky ýörite habarçysy