Gazagystanyň Daşary işler ministrligi: Astanadaky syýasy hepdelik we Türkmenistanyň Prezidentiniň ilkinji döwlet sapary barada

Duşenbe güni Gazagystanyň Daşary işler ministrligi Astanada şu hepde garaşylýan ýokary we iň ýokary derejedäki halkara wakalar barada brifing geçirdi.
Şeýlelikde, 12-13-nji oktýabrda Aziýada özara hyzmatdaşlyk we ynamy berkitmek çäreleri boýunça Geňeşiniň 6-njy sammiti agza döwletleriň, synçy döwletleriň, synçy guramalaryň birinji ýolbaşçylarynyň we beýleki ýokary wezipeli işgärleriň gatnaşmagynda geçiriler. Gazagystanyň Daşary işler ministrliginiň resmi wekili Aýbek Smadiýarow: “Jemi 50-ä golaý wekilçilikli toparyň gelmegine garaşylýar” – diýdi.
12-nji oktýabrda Gazagystanyň paýtagtynda GDA-nyň Daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçiriler. Ministrleriň 14-nji oktýabrda geçiriljek GDA Sammitinde, şeýle hem GDA-nyň hökümet baştutanlarynyň Geňeşiniň şu ýylyň 28-nji oktýabrynda Astanada geçiriljek mejlisinde gol çekmek üçin hödürlenýän resminamalaryň taslamasyna garamagy meýilleşdirilýär.
Hususan-da, 2023-nji ýylda GDA-da Milletara dil hökmünde rus diliniň ýyly mynasybetli geçiriljek çäreleriň Meýilnamasynyň we 2023-2024-nji ýyllarda Arkalaşyga girýän döwletleriň ynsanperwer hyzmatdaşlygy pudagynda ileri tutulýan çäreleriň Meýilnamasynyň kabul edilmegine garaşylýar.
GDA döwlet baştutanlarynyň Geňeşi anna güni geçiriler, oňa Azerbaýjanyň, Ermenistanyň, Belarussiýanyň, Gyrgyzystanyň, Russiýanyň, Türkmenistanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň, şeýle hem GDA-nyň ýerine ýetiriji komitetiniň başlygynyň - ýerine ýetiriji sekretarynyň gatnaşmagyna garaşylýar.
Arkalaşygyň platformasyndaky özara hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerine we integrasiýa gatnaşyklaryny berkitmäge gönükdirilen birnäçe resminamalara serediler. Döwlet baştutanlary tarapyndan 2023-2025-nji ýyllar üçin Terrorçylyga we ekstremizme garşy göreş boýunça hyzmatdaşlyk maksatnamasynyň tassyklanmagy we medeniýet pudagynda hyzmatdaşlygy ösdürmek barada beýannamanyň kabul edilmegi meýilleşdirilýär.
Mundan başga-da, saýlaw guramalaryna degişli özara hyzmatdaşlyk we korrupsiýa garşy göreş meselelerini öz içine alýan birnäçe halkara şertnamalaryna gol çekiler.
Sammitde 2023-nji ýylda GDA başlyklyk etmegi Gyrgyzystana geçirmek we döwlet baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisini Bişkekde geçirmek barada karar kabul ediler.
14-nji oktýabrda Astanada “Merkezi Aziýa-Russiýa” sammiti geçiriler. Ýokary derejede geçiriljek duşuşygyň dowamynda Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň, Özbegistanyň we Russiýanyň Prezidentleri altytaraplaýyn formatda hyzmatdaşlygyň geljegini ara alyp maslahatlaşarlar.
Syýasat we howpsuzlyk, söwda-ykdysady we medeni-gumanitar ýaly ugurlarda Ýewraziýa giňişliginde sebit hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlaryny görkezýän döwlet baştutanlarynyň bilelikdäki beýannamasyny kabul etmek meýilleşdirilýär.
Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Jomart Tokaýewiň çakylygy boýunça, 15-nji oktýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Gazagystana ilkinji döwlet sapary bolar.
Bu sapar syýasy, söwda-ykdysady, ulag-üstaşyr we medeni-gumanitar hyzmatdaşlygy, şeýle hem gazak-türkmen strategik hyzmatdaşlygyny ösdürmäge gönükdirilendir.
Aýbek Smadiýarow: "Saparyň dowamynda taraplar meseleleriň giň gerimini, şol sanda sebitiň we halkara gün tertibiniň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmagy meýilleşdirýärler" - diýdi.
Gepleşikleriň netijeleri boýunça birnäçe ikitaraplaýyn resminama gol çekmek meýilleşdirilýär.
Şeýle hem, şu hepde Kataryň emiriniň we Türkiýäniň Prezidentiniň Gazagystana döwlet saparlary amala aşyrylar.
ORIENT news
Foto: gov.kz