Aşgabatda howa baradaky eko-festiwal – garaşylyşyndan-da gowy geçirildi

Ýekşenbe güni Aşgabatda howa baradaky eko-festiwal geçirildi – guramaçylar tarapyndan çäräniň geçiriljek ýeri hökmünde saýlanylyp alnan “Ak altyn” myhmanhanasynyň howlusynyň bag-bakjaly meýdany adamlaryň şeýle köp möçberde gelşini henize çenli görmändi.
Belki-de, guramaçylaryň özi-de, adamlaryň şeýle köp mukdarynyň gelmegine garaşan däl bolmaly, ýogsa, has giňräk ýerli meýdançany saýlap alardylar.
Bu bellik geljekde göz öňünde tutmak üçin, bu gün bolsa, myhmanhananyň tämiz we ýagty bag-bakjaly howlusy umumy işe dahylly bolmak isleýänleriň ählisini kynlyk bilen ýerleşdirýär. Şol iş, goý, kiçeňräk möçberli bolsa-da, jemgyýetiň ekologiýa medeniýetini ösdürmäge öz ýollarymyz bilen biziň planetamyzy halas etmek ugruna gönükdirilendir.
Şeýle çäräni geçirmek başlangyjy bilen howa babatda ýaş işjeňleriň hem-de ekobloger Gülnar Taýjanowanyň goldamagynda Beýik Britaniýanyň Türkmenistandaky ilçihanasy çykyş etdi.
Oňa onlarça meýletinçiler, mümkin bolan serişdeleri ikilenç ulanmak ugrundaky özboluşly pikir-maksatlaryny paýlaşmaga taýýar hyjuwly adamlar hem-de has durnukly we ýaşyl dünýä ugurundaky herekete tüýs ýürekden gyzyklanyp hem-de bu işe peýdaly bolmak isläp gelen aşgabatlylaryň ýüzlerçesi gatnaşdylar.
Adamlaryň, esasan, öz gündeki ýaşaýyş-durmuş aladalary bilen ýaşap ýörendikleri, göräýmäge şeýle. Hawa, şeýele aladalary bilen ýaşaýarlar, ýöne, hut şeýle-de bolman, bu aladalardan başga-da, adamzadyň durmuşyna dahylly bolmagyň has giň gerimli ugurlary hem bar. Munuň şeýledigini “Ak altyna” adamlaryň, hatda, maşgalalary bilen hem gelýän uly, yzygiderli akymy-da aýdyň görkezdi. Olaryň elleri bolsa çärä gatnaşmagyň möhüm şerti hökmünde ozal yglan edilen “çakylyk haty” görnüşinde diňe içi boşan plastik gaply bolman, eýsem, ikinji ömür berip boljak beýleki kardon serişdeli boldy.
Myhmanhananyň howlusynda hiç bir boş ýer goýmadyk eko-festiwal sahna çykyşlaryndan başlap çagalar üçin el işlerini öwretmegiň ussatlyk sapaklaryna, sowal-jogaply bäsleşiklere hem-de şadyýan oýunlara çenli gyzykly çäreleriň ençemesini özünde jemledi.
Çäre başlanandan soň dessine ugurdaş mazmundaky ýerler ähli ýaşdaky adamalardan doldy we hat-da guramaçylaryň resmi çykyşlary hem ol adamlaryň ünsüni bölüp bilmedi – körpeler öz ýaşyna gelşip duran hereketleri bilen işe gümradylar, gyzjagazlar çişjagazlar arkaly polietilen gaplaryndan halyçalary örmegi öwrenýärdiler, ýetginjek oglanjyklary robotlaryň sergisi hem-de plastikany 3D görnüşde çap etmek boýunça iş bölümi gyzyklandyrdy, zenanlar bolsa eko-kosmetikaly stoluň töweregine ýygnandylar...
Şeýle hem wegeteriýan azyklaryň künjegi guraldy – şonda ýeňil garbanmak üçin nygmatlar, süýjülikler we içgiler goýuldy, golografik 3D wentilýatorlar, aýdymlar, tanslar hem-de tanyşdyrmalar boldy.
Bu ýere ýygnananlaryň öňünde Beýik Britaniýanyň Aşgabatda işleri wagtlaýyn ynanylan wekili Jon Hamilton çykyş etdi.
Ýaş alyp baryjylar Şükürgeldi Myradow we Sabrina Guseýnowa howa babatda gün tertibine gysgaça tanyşdyrma berdiler.
Şeýle hem köpçülik bilen interaktiw maslahatlaşma geçirildi, şonda howanyň üýtgemegine garşy göreşmek hem-de bug gazlarynyň bölünip çykmasyny azaltmak üçin gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň möhümdigi barada gürrüň edildi we hereket edýän gün batareýalarynyň sergisi görkezildi.
“Keşde” sungat studiýasynyň eýesi Şeker Akynyýazowa dowamly modanyň ýörelgeleri barada gürrüň berdi hem-de apsaýklingiň – zatlary döredijilik taýdan gaýtadan ulanmagyň syrlaryny açdy.
Şeýle hem “Howa bilen dostlukly bol” atly çäre, çagalaryň «Creative Earth» diýen at bilen guralan sergisi, tanslar we ençeme beýlekiler boldy.
ORIENT news
Foto we wideo: Süleýman Çaryýew