Iň täze habarlar

Serdar Berdimuhamedow Sankt-Peterburgda GDA-nyň resmi däl sammitine gatnaşdy

08.10.2022 | 04:08 |
 Serdar Berdimuhamedow Sankt-Peterburgda GDA-nyň resmi däl sammitine gatnaşdy

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow anna güni Sankt-Peterburgda geçirilen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Liderleriniň resmi däl duşuşygyna gatnaşdy. Şeýle hem sammite RF-niň Baştutany Wladimir Putin, Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew, Ermenistanyň premýer-ministri Nikol Paşinýan, Belorussiýanyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko, Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmon, Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew gatnaşdylar.

Wladimir Putin kärdeşlerini mübärekläp, Russiýanyň demirgazyk welaýatynda GDA-nyň Liderleriniň şunuň ýaly resmi däl duşuşyklarynyň asylly däbe öwrülýändigini hem-de asuda, dostlukly ýagdaýda biziň ýurtlarymyzyň ählisi üçin has möhüm meseleler boýunça pikir alyşmaga mümkinçilik berýändigini belledi.

Сердар Бердымухамедов принял участие в неформальном саммите СНГ в Санкт-Петербурге

“Şu gün biziň GDA-nyň döwlet baştutanlarynyň doly derejede her ýyl geçirilýän mejlisiniň geljek hepdede Astanada bolup geçjek duşuşygynyň öň ýanynda, geljekki hyzmatdaşlyk ugurlary barada pikir alyşmaga mümkinçiligimiz bar” diýip, ol aýtdy hem-de bilelikdäki resminamalaryň uly toplumynyň tassyklanylmaga taýýardygyny nygtady.

Şu duşuşykda hem, Astanadaky sammitde hem GDA-nyň çäklerinde söwda-maýa goýum hyzmatdaşlygyny has-da ösdürmäge, ykdysadyýetleriň, hususan-da, tehnologik taýdan özbaşdaklygy üpjün etmek boýunça ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn utgaşykly gatnaşyklary giňeltmek arkaly durnuklylygy ýokarlandyrmaga ilkinji derejeli üns beriler diýip, rus Lideri aýtdy.

ORIENT news
Foto: Alekseý Daniçew, RIA “Habarlary”

Şeýle hem okaň: