Iň täze habarlar

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Hytaý KHBS-niň wekilleriniň soraglaryna jogap berdi

06.10.2022 | 16:01 |
 Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Hytaý KHBS-niň wekilleriniň soraglaryna jogap berdi

Türkmenistanyň Parlamentiniň ýokary palatasynyň baştutany Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaýyň döwlet KHBS-niň adyndan gatnaşan Hytaý ilçihanasynyň metbugat wekili Wan Sziu beren interwýusynda türkmen-hytaý gatnaşyklaryny “görelde alarlyk” diýip atlandyrdy.

– Döwletlerimiz bir-birege ynam we düşünişmekde ýetilen sepgitlere guwanyp bilerler. Iki döwletiň we iki halkyň arasynda onlarça ýyl öňde barýan dostlugyň we hyzmatdaşlygyň binýadyny güýçlendirýän janly, döredijilik prosesi gidip dur"- diýip, Halk Maslahatynyň Başlygy aýtdy.

Gurbanguly Berdimuhamedow HHR-nyň halkara arenasynda Türkmenistana, ýurduň BMG-daky başlangyçlaryna berýän goldawyny belläp geçdi. Türkmenistan hem, öz gezeginde, hytaý hyzmatdaşlary üçin derwaýys bolan meselelere, şol sanda HHR-nyň territorial bitewiligine degişli meselelere öz çemeleşmelerini dürs we dogry beýan edýär. Halk Maslahatynyň Başlygy: "Biz “bir Hytaý "syýasatyna pugta eýerýäris we separatizmiň islendik görnüşiniň ýüze çykmagyna garşy çykýarys" - diýdi.

Спикер верхней палаты парламента Туркменистана ответил на вопросы СМИ Китая

Energetika, ulag we beýleki ugurlardaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ýagdaýy we mümkinçilikleri baradaky soraga Gurbanguly Berdimuhamedow “iki ýurduň hem Ýüpek ýolunyň baý tejribesiniň mirasdüşerleri we dowam etdirijileri bolup durýandygyny, häzirki wagtda iki ýurduň hem Ýuwaş ummandan Atlantik ummanyna çenli ägirt uly giňişlikleri birleşdirip, Ýewraziýadaky ykdysady ösüşe güýçli itergi bermegi göz öňünde tutýandygyny" belläp geçdi.

Halk Maslahatynyň Başlygy ýangyç-energetika pudagyny “hyzmatdaşlygyň iň möhüm ugry” diýip atlandyrdy we Türkmenistan-Hytaý gaz geçirijisini muňa mysal hökmünde getirdi. HHR-nyň türkmen tebigy gazy bilen üpjünçiligini artdyrmak boýunça işleriň alnyp barylýandygy, turbageçirijiniň Türkmenistandan Hytaýa çenli 4-nji şahasynyň gurluşygy barada düýpli pikir alyşmaga türkmen tarapynyň taýýardygy bellenildi.

Ulag hyzmatdaşlygy barada Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň üsti bilen Hytaýdan Ýewropa we Ýakyn Gündogara multimodal gatnawlaryň mümkinçiliginiň doly açylmagynyň möhümdigini aýtdy. Şeýlelik-de, Hazar deňzindäki Türkmenbaşy porty bu ýerde esasy logistik merkeziň ornuny tutar.

Спикер верхней палаты парламента Туркменистана ответил на вопросы СМИ Китая

Söhbetdeşlikde dünýädäki dartgynly ýagdaýyň çäginde Türkmenistan bilen Hytaýyň halkara başlangyçlarynyň ähmiýeti barada durlup geçildi, Halk Maslahatynyň Başlygynyň sözlerine görä, bu başlangyçlarda umumy ideologik we syýasy esas bar.

"Olarda ähli ýurtlary, ýolbaşçylary häzirkizaman dünýäsiniň hakykatlaryna çynlakaý we jogapkärçilikli düşünmäge, mundan beýläkki eskalasiýanyň we harby-syýasy bäsdeşligiň nämä sebäp bolup biljekdigi barada pikirlenmäge, adamzadyň aňyrsynda garaşylmadyk netijelere getirjek bütindünýä howpsuzlyk gurluşynyň berbatlygy duran çäge ýakynlaşandygyna düşünmäge çagyryş bar" – diýip, Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Halk Maslahatynyň başlygy: "Türkmenistanyň we Hytaýyň başlangyçlary syýasatdan daşda, parahatçylyga, durnuklylyga, işlemek mümkinçiligine, asuda, parahat geljegiň kepilligine mätäç millionlarça adaty adam barada alada etmekden ybarat" - diýdi.

ORIENT news

Şeýle hem okaň: