Gazagystanyň Parlamenti Hazarda gazagystan-türkmen serhedi baradaky şertnamany kabul etdi

Gazagystanyň Parlamentiniň aşaky palatasy (Mažilis) gazagystan-türkmen serhedi we Hazarda balykçylyk zolaklarynyň ýanaşyk ýerlerini çäklendirmek baradaky şertnamany kabul etmek üçin ses berdi diýip, TASS habar berýär.
Mažilisiň halkara işler, goranmak we howsuzlyk baradaky kommiteti öz netijenamasynda kabul edilen şertnamanyň Hazarda amatly maýa goýum şertlerini döretjekdigini, şeýle hem Hazar deňziniň düýbini çäklendirmäge degişli ýüze çykyp biljek jedelli ýagdaýlary aradan aýyrjakdygyny belledi.
Bu resminama Hazaryň suw giňişliginde döwlet serhetlerini berkidýän taryhda ilkinji resminama bolar.
ORIENT news
Foto: kazpravda.kz