Samsung

Eýran Hazarýaka sebitinde erkin söwda zolagynyň döredilmegine umyt edýär

Eýran Hazarýaka sebitinde erkin söwda zolagynyň döredilmegine umyt edýär

Eýranyň Söwda ösüşi guramasynyň ýolbaşçysy Alireza Peýmanpak öňde boljak II Hazar ykdysady forumy barada teswirläp, Hazarýaka sebitinde erkin söwda zolagy döredilen ýagdaýynda, Eýranyň ABŞ-nyň 600-700 milliard dollary möçberindäki bazara eýe bolup bilmek mümkinçiligi barada aýtdy diýip, TASS habar berýär.

Syýasatçynyň sözlerine görä, şu ýylyň mart aýyndan Eýranyň Russiýa eksporty 31%, Türkmenistana ekporty 40% ýokarlandy. Şeýle hem Guramanyň ýolbaşçysy Türkmenistan bir bölegi bolup durýan “Demirgazyk-Günorta” halkara ulag geçelgesiniň möhümdigini belledi.

ORIENT news
Foto: newscentralasia.net