Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary instituty talyplaryň arasynda bäsleşik yglan etdi

Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary instituty 24-nji oktýabrda bellenilýän BMG-niň gününiň öňüsyrasynda, talyplaryň arasynda “BMG-niň öňüni alyş diplomatiýasynyň taryhy” diýen tema boýunça esse döretmäge bäsleşik yglan etdi. Bäsleşigiň şerti uly bolmadyk düzmeleriň iňlis dilinde ýazylmagyndan ybaratdyr.
Öňüni alyş diplomatiýasy hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde onuň özgerişiniň nähili tapgyrlary geçendigi barada dürli hünärleri özleşdirýän ýaş oglan-gyzlar nämeleri bilýärler?
Talyplarymyz häzirki döwrüň iň iri halkara guramasy bolan BMG-niň ýöriteleşdirilen düzüminiň işi arkaly Merkezi Aziýa sebitinde öňüni alyş diplomatiýasynyň neneňsi durmuşa geçirilýändigi barada nämeleri bilýärler?
Bu zatlary näme üçin bilmeli we olara düşünmeli?
Şu sowallar DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň täze bäsleşiginiň maksatnamasynyň esasynda goýuldy. Şeýle etmek bilen institut talyplary synag etmek bilen birlikde, olaryň syýasy sowatlylygyny we syýasy medeniýetini ýokarlandyrmaga bolan gzyzklanmalaryna itergi bermek kararyna geldi. Bu bolsa dünýädäki ýagdaýlar güýçli üýtgäp durýan döwrümizde örän möhümdir.
Mundan başga-da, bäsleşik BMG-niň resmi dilleriniň birinde – iňlis dilinde talyplaryň ýazmak başarnyklaryny barlamaga hem-de olary publisistik žanrda synamaga mümkinçilik berer.
Bäsleşigiň esasy wezipeleri we onda gozgalýan meseleleriň häzirki günde, hakykatdan-da, näme üçin örän möhümdigi barada Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň mugallymy Akmuhammet Jumagulyýew giňişleýin gürrüň berýär:
– Häzir milli bilim ulgamy halkara ylym-bilim giňişligine işjeň ýakynlaşýar we şeýle ýakynlaşmanyň ýollarynyň biri zehinli, hyjuwly ýaşlary hem-de halkara gatnaşyklarynyň dili hökmünde iňlis dilini öňe ilerletmekden ybaratdyr. Bu dil dünýäde has giňden ýaýrandygy sebäpli, ony örän köp adamlar daşary ýurt dili hökmünde öwrenýärler.
Daşary ýurt dilini bilmekligiň şahsy ukyp-başarnyklaryňy we wezipe taýdan mümkinçilikleriňi giňeldýändigine, gurşap alýan dünýä oňat düşünmäge hem-de gepleşikleri alyp barmaga kömek edýändigine hiç kim ikirjiňlenmeýär – bular bolsa diňe bir diplomatlar üçin däl, eýsem dürli ugurdaky hünärmenler üçin hem zerur häsiýetlerdir.
Daşary ýurt diliniň üsti bilen olar has giň hem-de iň täze tehniki, ylmy maglumatlardan habarly bolmaga mümkinçilik alýarlar, beýleki ýurtlardaky kärdeşleri bilen çekişmeleri alyp barýarlar we tejribe alyşýarlar, öz pikir garaýyşlaryny goraýarlar ýa-da ýurduň bähbidine wekilçilik edýärler, işleriň ol ýa-da beýleki ugurlarynda – syýasatdan, ykdysadyýetden başlap, medeniýete we sporta çenli ugurlarda ýurduň abraýyny goraýarlar.
Indi bäsleşigiň temalary barada. “Öňüni alyş diplomatiýasy” düşünjesi dünýä tejribesine giňden ornaşdy we taraplaryň arasynda halkara howpsuzlygyny gorap saklamak meselelerine parahartçylyk döredijilik, jedelleriň ýüze çykmagyny öňünden duýdurmak, dartgynlylygy gowşatmak hem-de dawalaşýan taraplary gepleşiklere we ylalaşyklara getirmek ýaly strategiýalary we çemeleşmeleri özünde jemleýär.
Köp ýurtlarda we sebitlerde soňky döwürlerde ýüze çykýan çylşyrymly ýagdaýlaryň derwaýyslygy öňüni alyş diplomatiýasynyň diňe bir “düşünje” bolman, hakyky zerurlykdygyny hem-de özüniň esasy gurallaryny täzeden herekete girizmäge mätäçdigini aýdyň alamatlandyrýar.
Şunda Türkmenistan Bitaraplyk syýasatyny üstünlikli ulanmak arkaly öňyn tejribesini, şol sanda BMG-niň Aşgabatda ýerleşen Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň netijeli işiniň mysalynda görkezip biler.
Bu meseläniň wajypdygyna akyl ýetirmek, onuň mazmunyna düşünmek, geljekki mümkinçiligi görmek üçin meseläniň taryhyny bilmek – ýaşlar üçin aýratyn zerurdyr, çünki olar geljekde ýurduň syýasy ýörelgesini durmuşa geçirmelidirler. Şeýlelikde, biziň bäsleşigimiziň birnäçe taraplary – dil, döredijili we dünýägaraýyş taraplary bar. Şu ugurlarda onuň wezipleri hem kesgitlenilýär. Şol wezipeler bolsa dil taýdan taýýarlygyň derejesini, akyl-paýhas mümkinçiligini hem-de ýaşlaryň syýasy taýdan terbiýelenmegini ýokarlandyrmaga ýardam bermekden ybaratdyr.
* * *
Bäsleşige gatnaşmak üçin haýyşnamalar 20-nji oktýabra çenli kabul edilýär. Işlere ball usuly boýunça baha bermelerden soň, eminler ýeňjileri yglan ederler. I, II we III baýrakly orunlar göz öňünde tutulýar. Galan maglumatlary Türkmenistanyň DIM-niň HGI-niň saýtyndan bilip bolar.
ORIENT news