Samsung

Astana oktýabr aýynda GDA-nyň üç sammitini geçirer

Astana oktýabr aýynda GDA-nyň üç sammitini geçirer

Astanada oktýabr aýynyň ortalarynda birbada üç sammit – GDA ýurtlarynyň döwlet baştutanlarynyň sammiti, Aziýada özara hyzmatdaşlyk we ynamy berkitmek çäreleri boýunça Geňeşiniň (CICA) mejlisi we "Merkezi Aziýa - Russiýa" Parlamentara forumy geçiriler.

VI CICA 13-nji oktýabrda geçiriler. Gazagystan şu ýyl GDA-a başlyklyk edýär. CICA – 1992-nji ýylda Gazagystanyň başlangyjy bilen döredilen döwletara forum. Onuň ştab-kwartirasy respublikanyň paýtagtynda ýerleşýär. Türkmenistan 2021-nji ýylda CICA-da synçy statusyna eýe boldy.

Arkalaşygyň ýurtlarynyň ýolbaşçylary 14-nji oktýabrda döwlet baştutanlarynyň sammitinde duşuşarlar we şol gün hem “Merkezi Aziýa-Russiýa” sammiti geçiriler.

Şu güne çenli Döwlet baştutanlary Geňeşiniň gün tertibine 14 madda girizildi. Hususan-da, döwlet baştutanlary rus dilini goldamak we ösdürmek üçin GDA-nyň howandarlygyndaky halkara guramasynyň döredilmegine, hyzmatlaryň erkin söwdasy hakyndaky ylalaşygyň taslamasynyň taýýarlanmagyna we başga-da birnäçe meselelere serederler.

Döwlet baştutanlarynyň Geňeşiniň we GDA-nyň Daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň indiki mejlislerine taýýarlyklar anna güni Minskde Arkalaşygyň döwletleriniň hemişelik we dolyygtyýarly wekilleri tarapyndan ara alnyp maslahatlaşyldy.

Hemişelik wekiller Medeniýet hyzmatdaşlygy boýunça geňeşiň işini we meýilnamalaryny seljerdiler. Şol sanda GDA-da halk döredijiligi we medeni miras ýylyna bagyşlanan çäreler, 2023-nji ýylda milletara aragatnaşyk dili hökmünde rus dili ýylyna Arkalaşykda görülýän taýýarlyk, "Garaköl – Arkalaşygyň 2022-nji ýylda medeni paýtagty", "Comrat – Arkalaşygyň 2023-nji ýylda medeni paýtagty" we 2024-nji ýylda Gyrgyzystanda geçiriljek "ART EXPO" halkara sergisi ýaly döwletara maksatnamalara goldaw bermek barada gürrüň edildi. Şeýle hem, “Arkalaşygyň gymmatly monjugy” atly halkara taslamany işläp taýýarlamak göz öňünde tutulýar.

ORIENT news
Foto: all.accor.com